Iki hepde ozal döredilen “Arkadag” futbol topary ilkinji ýeňişini gazandy
Maglumata görä, ozalky prezidente döwlet derejesinde ýüzlenilýän lakamy göterýän futbol topary Mary şäheriniň “Merw” komandasyny 2:1 hasaby bilen ýeňipdir. Topar Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşýan dokuz toparyň arasynda häzir üçünji orunda dur. “Köpetdag” we “Nebitçi” komandalary hem degişlilikde birinji we ikinji ýerleri eýeleýärler.
Merkezi Aziýa barada habarlary çap edýän Fergana neşiri “Arkadag” toparynyň düzümine ýurduň iň gowy oýunçylarynyň çekilýändigini, onuň hem ýurduň saýlama toparynyň esasy özenini düzjek klub boljakdygyny çaklaýar.