Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Täjigistanda Dagly-Badagşan sebitiniň näresmi lideriniň ýene bir dogany saklandy

Täjik resmileri dartgynly Dagly-Badagşan sebitiniň tussaglykdaky näresmi lideri Tolib Aýombekowyň ýene bir doganyny sakladylar.


Bu Merkezi Aziýa döwletiniň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriň 18-nji aprelde Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Raşid Aýombekow mundan dört gün öň Dagly-Badagşanda saklanypdyr. Ýakynlary onuň häzir tussaghanada saklanýandygyny, şeýle-de onuň hiç hili jenaýaty amala aşyrmandygyny aýdýarlar.


Tolib Aýombekow uzak wagtdan bäri Täjigistandaky awtoritar režime garşy çykyp gelýär. Ol 1990-njy ýyllardaky graždançylyk urşunda hökümet güýçlerine garşy söweşipdi. Emma 1997-nji ýylda Moskwanyň araçylyk etmeginde gelnen ylalaşyga laýyklykda, ol we beýleki “meýdan kommandirleri” hökümetiň düzümine goşuldy.


Geçen noýabrda Tolib Aýombekow we onuň ençeme egindeşi, birnäçe aýyplamalar esasynda, ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi. Mundan soň, onuň üç ogly we iki dogany hem jenaýat jogapkärçiligine çekilip, türmä höküm edildi.


Geçen maýda polisiýa Dagly-Badagşan sebitinde ýüze çykan protestleri gazaplylyk bilen basyp ýatyranyndan soň, bu sebitiň näresmi liderlerine we aktiwistlerine basyşlar güýçlendi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *