Russiýada türkmen raýaty watandaşynyň pul serişdelerini ogurlady
Russiýanyň Saratow sebitinde okaýan türkmenistanly bir gyz başga bir watandaşynyň özüniň pul serişdelerini ogurlandygy barada polisiýa arza bilen ýüz tutdy. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Russiýanyň Içeri işler ministrligine salgylanyp habar berdi.
23 ýaşly talyp gyz Türkmenistandaky ýakynlaryna pul ugratmak üçin, Saransk şäherinde ýaşaýan beýleki bir türkmen raýatynyň hyzmatyndan peýdalanypdyr. Ol ýigit rus rublunyň öwezine, şol gyzyň Türkmenistanky ýakynlaryna manadyň gowşurylmagyny üpjün edipdir.
Maglumata görä, 11-nji aprelde student gyz ol oglana 353 müň rubl ($4300) möçberinde pul serişdesini beripdir. Emma gyzyň Türkmenistandaky ýakynlaryna bu pul häzirki güne çenli gowuşmandyr.
Mundan soň, ol gyz şahsy ýagdaýda gürleşmek üçin, Saransk şäherine gidýär. Emma bu ýerde ol oglany tapyp bilmäni üçin, ýerli polisiýa arza bilen ýüz tutýar.
Maglumatda polisiýanyň barlag işlerini geçirýändigi aýdylýar.
Waka bilen ilteşikli şahslaryň at-familiýasy aýan edilmeýär.
Türkmenistanda dollaryň resmi we gara bazar nyrhynyň hereket edýändigi sebäpli, türkmen raýatlary bank ulgamlary arkaly pul serişdelerini kadaly ýagdaýda ugradyp bilmeýärler.