Ysraýylyň baş diplomaty, soňky 30 ýylyň içinde ilkinji gezek, Türkmenistana gelýär
19-njy aprelde Türkmenistana Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Kohen sapar edýär. Bu Ysraýylyň daşary işler ministriniň soňky 30 ýylyň içinde Türkmenistana amala aşyrjak ilkinji sapary bolar.
Ysraýyl mediasynyň maglumatyna görä, Kohen Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Ilçihana Eýran bilen serhetden 25 km uzaklykda ýerleşip, ol Ysraýylyň Eýrana iň ýakyn daşary ýurt wekilhanasy bolar.
Türkmenistanda on ýyldan gowrak Ysraýylyň ilçisi bolsa-da, ol myhmanhanalarda ýa-da wagtlaýyn ýerlerde wezipesini berjaý edýärdi.
Eli Kohen Aşgabada Azerbaýjana amala aşyrýan saparyndan soň geler.
Penşenbe güni ol prezident Serdar Berdimuhamedow we özüniň tükmen kärdeşi Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirer.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda bu sapar barada maglumat ýok.
Ysraýylyň daşary işler ministri Türkmenistana soňky gezek 1994-nji ýylda sapar edipdi. Şol pursat, Aşgabada Şimon Peres gelipdi.