Gazak resmisi gaz bahasynyň ýokarlanjakdygyny duýdurýar
Hökümetiň 2022-nji ýylyň ýanwarynda energiýa bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli bolan ganly protestleriň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin edýän tagallalarynyň arasynda, Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew nebite baý merkezi aziýa döwletiniň raýatlaryna gelýän aýlarda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlanmak ähtimallygyny duýdurdy.
Satkaliýew 19-njy aprelde geçirilen hökümet ýygnagyndan soň žurnalistlere bu ýokarlanmanyň suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýuwaş-ýuwaşdan “bazar bahasyna” deňleşmegine ýol bermek syýasatynyň bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy.
2021-nji ýylyň dekabrynda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň birden düýpli ýokarlanmagy bir aýdan soň hökümete garşy görlüp-eşidilmedik protestleriň başlanmagyna we köpçülikleýin gozgalaňlara ýazmagyna sebäp boldy. Şonda häkimiýetler azyndan 238 adamyň, şol sanda 19 hukuk goraýjy işgäriň wepat bolandygyny aýtdylar.
“Suwuklandyrylan gaz biziň ýurdumyzda, bazar bahasyna görä litri 70 teňňeden satylmaly bolsa, litri 50 teňňeden ($ 0.11) satylýar. Bu ýagdaýda ilteşikli kompaniýalar zyýan çekýärler, pul ýitirýärler. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Russiýada baha Täjigistandaka garanda iki esse gymmat. Sebäbi ol ýerdäki bahalar bazar tarapyndan kadalaşdyryldy’ diýip, Satkaliýew aýtdy.