Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasynyň täze binasynyň dabaraly açylyşy boldy
20-nji aprelde Aşgabatda Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy bolup, oňa iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň hem-de Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Koen Aşgabatda guralan dabara türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen gatnaşdy we iki diplomat lentany kesdi diýip, ysraýyl metbugaty habar berdi.
"Biz özümiziň ýakyn gatnaşyklarymyzyň täze döwrüne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" diýip, Koen dabarada aýtdy. Ol bu iki ýurduň has uly hyzmatdaşlykdan peýdalanmagynyň şübhesizdigini aýtdy.
"Biziň Ysraýyl döwleti bilen örän gowy gatnaşygymyz bar... Biz özümiziň dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzy giňeltmek we berkitmek üçin ähli zady ederis" diýip, Meredow žurnalistlre ýüzlenip aýtdy.
Ol ilçihananyň açylmagyny nazarda tutup, "Bu biziň dostlugymyzyň örän görnükli mysaly" diýdi.
Bu waka, habarda bellenmegine görä, türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýete eýedigini, taraplaryň däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini görkezýär.
Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulanyna şu ýylyň oktýabrynda 30 ýyl dolýar.
Şeýle-de, türkmen metbugaty düýn ýokary derejeli myhmanyň twitter hasabyna salgylanyp, prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ysraýylyň Aşgabada sapara gelen daşary işler ministri Eli Koen bilen duşuşandygyny habar berdi.
Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada pikir alşyldy diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.