Aklawçy özbek prezidentini 'syýasy tussag’ Tajimuratowy ‘gynamagy’ bes etmäge çagyrýar
Daşkentde ýaşaýan aklawçy Sergeý Maýorow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewi we beýleki resmileri Garagalpagystan awtonom respublikasynda hökümete garşy geçirilen protestler sebäpli ýanwar aýynda 16 ýyl azatlykdan mahrum edilen aklawçy we žurnalist Dauletmurat Tajimuratowy "gynamagy bes etmäge” çagyrdy.
Maýorow YouTube kanalynda çap eden wideo beýanatynda özüniň indi Täjimuratowa wekilçilik edýändigini aýtdy we ony "syýasy tussag" diýip atlandyrdy.
Maýorow, höküminiň entek güýje girmändigine garamazdan, öz müşderisiniň kellesiniň 6-njy aprelde zor bilen syrylandygyny we hökümine garşy eden şikaýaty kazyýetde tassyklanan halatynda, onuň häzirlikçe boşadylyp hem bilinjekdigini aýtdy.
"Ol ýerde çydap bolmajak şertleri döretmek barada buýruk berlene meňzeýär” diýip, Maýorow aýtdy.
"Olar oňa köne, işi boş we halys tozan düşek, erbet ysly ýassyk we elhenç prostynlary berdiler. Bu ony kemsitmek we masgaralamak üçin edildi. Oňa kamerasyny arassalamak tabşyryldy, ol muny etmekden ýüz öwürmedi, ýöne olar oňa ne sübse, ne şwabra, ne-de bedre berdiler” diýip, aklawçy aýtdy.
Şeýle-de, Maýorow "ýörite görkezme berlen" kameradaşlarynyň Täjimuratowy fiziki we psihologiki basyşlara sezewar edýändigini aýtdy.