Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Oraza baýramynda adamlar gonamçylyklarda merhumlaryny ýatlady

Oraza baýramynda adamlar gonamçylyklarda merhumlaryny ýatlady

Musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen, şu gün Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilip geçilýär. Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabatda 21-nji aprelde müňlerçe adam metjitlere baryp, baýram namazyny okady. Lebabyň gonamçylykarynda bolsa, hossarlaryny zyýarata baran adamlaryň juda köpdügi sebäpli, aýak basar ýaly ýer bolmady.

Döwlet metbugaty 20-nji aprelde türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Oraza gutlagyny çap etdi. "Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn" diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi prezidentiň türkmen halkyna iberen gutlagyny sitirledi.

"Şu gün irden Lebabyň baş metjidine we ondan başga-da dört sany kiçiräk metjidine baýram namazyna baran adamlaryň sany juda köp boldy. Gonamçylyklara bolsa, ondan-da köp adam bardy. Irden sagat 7:00-8:30 aralygynda gonamçylyklarda adamlaryň sanynyň juda köpdügi sebäpli, olarda aýak basar ýaly ýer ýokdy" diýip, sebitdäki habarçymyz 21-nji aprelde aýtdy.

Gonamçylyga baran adamlar öz ene-atasyny, dogan garyndaşlaryny hatyralap, olaryň mazarynyň başynda aýat okap, doga-dileg etdiler.

Habarçy Türkmenabat şäherinde baýram namazyndan we gonamçylyklara edilen zyýaratlardan soň, Oraza baýramyny uludan belläp, sadaka berýän adamlaryň göze ilmeýändigini aýdýar.

"Her kim [Oraza baýramyny] özüniň ýakyn dogan-garyndaşlary bilen belleýär. Ykdysady kynçylyklar sebäpli, eklenji agyrlaşan adamlaryň köpüsiniň saçak ýazyp, sadaka bermäge we öýlerine adam çagyrmaga maddy mümkinçiligi ýok" diýip, habarçy aýtdy.

Aşgabatdaky habarçymyz hem, irden metjirlerde okalan baýram namazyna baran adamlaryň sanynyň köp bolandygyny aýdyp, köp hojalygyň çapady, çörek bişirip, goňşy-golmalaryna paýlandygyny habar berýär.

"Barly, gurply adamlar uludan sadaka berýärler" diýip, ol sözüne goşdy.

Bu aralykda, TikTok sosial ulgamynda paýlaşylan wideolaryň birinde hem, tahýaly ýa-da papakly ýüzlerçe adamyň Aşgabadyň Parahat etrapçasyndaky "Hezreti Omar" metjidine girip barýan pursadyny görse bolýar.

Mary welaýatyndaky habarçymyz hem, bu ýyl baýram namazyna baran adamlaryň sanynyň, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, juda köp bolandygyny aýdyp, metjilere Milli howpsuzlyk ministrliginiň we polisiýa işgärleriniň gözegçilik edendigini aýtdy.

Aý senenamasy esasynda kesgitlenýän we her ýyl dürli senelere düşýän Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 23-nji martyň säheri bilen başlandy we 20-nji aprel gijesine çenli dowam etdi.

Döwlet baştutany ​türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 21-nji aprelde bellemek baradaky permana 13-nji aprelde gol çekdi we bu gün dynç güni diýlip yglan edildi.

"Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň aglabasynda şenbe güni hem işi günüdigi sebäpli, ertir köp adama işe çykmaly. Adamlar ertir hem dynç güni edilen bolsa, maşgalamyz bilen, ýekşenbe günini hem birleşdirip, üç gün dynç alardyk diýýär" diýip, lebaply beýleki bir habarçymyz aýtdy.

Bellesek, Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda ýurtda Oraza aýynda metjitlere gatnaýan, tarawa namazyna barýan adamlaryň sanynyň köpelýändigini, adamlaryň arasynda agyz beklemek meýilleriniň ýokarlanýandygyny we “agzaçar sadakalarynyň adamly bolandygyny” hem habar berýärler.

Geçen aýyň ahyrynda Marydaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylaryň birnäçesi Oraza aýynda ilat arasynda din meýilleriniň artmagyny ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen baglanyşdyrdy. Şonda olar ýerli orazaçylaryň arasynda diňe “nahar üçin” agzaçar sadakalaryna barýan adamlaryň bardygyny aýdypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Благодаря поддержке Москвы производители увеличат объемы выпуска товаров

Бедный, бедный Умка. Когда умрет шпиц Лукашенко?

На Красной площади в День славянской письменности и культуры пройдет масштабный концерт

Всероссийская акция «Ночь музеев» пройдет в Ленинском округе 18 мая

Музыкальные новости

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над «Зенитом» в матче РПЛ

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Новости России

Бедный, бедный Умка. Когда умрет шпиц Лукашенко?

«Мособлэнерго» подключило к электросетям 7 школ с начала года

Сергей Катырин: создание благоприятных условий для предпринимателей — главная задача торговой палаты

Благодаря поддержке Москвы производители увеличат объемы выпуска товаров

Экология в России и мире

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Работники сервисного локомотивного депо (СЛД) «Чернышевск» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» заняли призовые места в соревнованиях Роспрофжел «Мы вместе»

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

Спорт в России и мире

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Moscow.media

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Краски севера IV

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *