Aşgabatda ABŞ generaly bilen gepleşik geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Wepa Hajiýew bilen ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň merkezi serkerdeliginiň serkerdesi, general Maýkl Kurillanyň duşuşygy geçirildi diýip, türkmen metbugaty 24-nji aprelde habar berdi.
Duşuşykda taraplar howpsuzlyk we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada maslahat etdiler, sebitdäki we Owganystandaky ýagdaýlar barada pikir alyşdylar.
Ikitaraplaýyn duşuşygyň çäginde kiberhowpsuzlyk, maglumat alyş-çalşygy, brifingleri we maglumat howpsuzlygy boýunça okuwlary guramak ýaly, ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna girýän meseleler hem maslahatlaşyldy diýip, habarda aýdylýar.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Waşingtonda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk, adam hukuklary meseleleri barada maslahatlaşan gününe gabat geldi.
Emma türkmen metbugaty ministriň ABŞ-daky duşuşygy barada häzire çenli maglumat bermedi.