Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň öňki başlygy 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi
Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň (KNB) öňki başlygy Karim Masimow 2022-nji ýylyň ýanwarynda Merkezi Aziýa döwletinde hökümete garşy guralan görlüp-eşidilmedik protestlerden soň bolan ganly wakalarda oýnan roly sebäpli 18 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Astanadaky kazyýet Masimowa 24-nji aprelde, dönüklikde, häkimiýeti güýç bilen ele geçirmäge synanyşmakda we wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapanyndan soň, türme tussaglygy hökümini çykardy.
Masimowyň öňki orunbasarlary Anuar Sadykulow, Daulet Erhožin we Marat Osipow dagy hem, şol bir kazyýet işiniň çäginde, degişlilikde 16, 15 we üç ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Şeýle-de, kazyýet günäkärlenýänleriň ählisini harby derejelerinden we ähli döwlet baýraklaryndan mahrum etdi.
Kazyýet seljermesi, gizlin maglumatlaryň bolmagy sebäpli diýlip, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi.
Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýakyn ýarany hökmünde tanalýan 57 ýaşly Masimow, protestler köpçülikleýin gozgalaňlara öwrüleninden birnäçe gün soň, Erhožin we Sadykulow bilen bilelikde tussag edildi.