Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenbaşyda döwlete degişli edaralaryň işgärleri fewraldan bäri aýlygyna garaşýarlar

Türkmenbaşyda döwlete degişli edaralaryň işgärleri fewraldan bäri aýlygyna garaşýarlar

Balkan welaýatynda aýlyklaryň wagtynda berilmezligine degişli mesele ýüze çykdy. Transport, söwda, deňiz we harby edaralaryň işgärlerine birnäçe aýlap zähmet haky berilmeýär.

Aýlyklaryna garaşýan býujetçileriň arasynda awtobus we taksi sürüjileri, döwlet dükanlarynyň işgärleri, deňizçiler we harby gullukçylary bar. Olaryň ençemesine fewral aýyndan bäri aýlyk berilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary 25-nji aprelde habar berdiler.

Döwletiň transport pudagynda zähmet çekýän awtobus we taksi sürüjileri özlerine aýlyklaryň näme sebäpden berilmeýändigini bilmeýärler. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan türkmenbaşyly sürüjiler özlerinden talap edilýän plany berjaý edýän hem bolsalar, fewralyň, martyň we apreliň aýlyklarynyň henizem berilmändigini gürüň berdiler. 

"Döwlet taksi sürüjisi 1 smenasyny 8 sagat işläp, plana görä, bir aýda 7 600 manat döwlete tabşyrýar. Döwlet taksi parkynyň sürüji bilen baglaşan şertnamasyna görä, oňa 2 200 manat aýlyk hak tölemeli. Taksi ulagy döwülen ýagdaýynda sürüjiden öz hasabyna abatlamak işlerini doly geçirmek talap edilýär. Diňe döwlet kärhanasy döwülen taksi ulagy bejerilýänçä, sürüjiden döwlet planyny dolmagy talap etmeýär" diýip habarçymyz taksiçileriň iş şertleriniň aýratynlygy barada gürrüň berýär. 

Türkmenbaşyda fewral aýynda bäri aýlygyny alyp bilmedikleriň arasynda döwlet dükanlarynyň satyjylary hem beýleki işgärleri bar.

Habarçymyz zähmet hakyny alyp bilmedikleriň arasynda Türkmenbaşynyň 31 sany döwlet dükanynyň işgärlerinden başga-da, Balkan welaýatynyň döwlete degişli söwda edaralarynyň işgärleriniň hem bardygyny belleýär. 

Üstesine, şu günler pul ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyga aýlyklary wagtynda geçirilen raýatlar hem duçar bolýar. Türkmenbaşyda bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi ýene-de güýçlendi.

"Bankomatlarda pul ýok. Işgärleriň aýlyklary saklanýan wagtynda, aýlyklary, pensiýalary wagtynda hasaplaryna geçirilen raýatlar hem bankomatlarda ýiti pul ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şäheriň pensionerleri 25-nji aprelde-de pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler. Bankomatlarda pul bolmadyk wagtynda, nagt däl söwda hasaplaşygynda hem problema ýitileşdi" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda nagt pul ýetmezçiligi we nagt däl hasaplaşykdaky bökdençlikler ýyllarboýy saklanýar. Ozalky ýyllarda problemanyň güýçlenen wagtynda birnäçe güne çeken nobatlar döredi, adamlaryň arasynda ýakalaşyklar we puly nagtlaşdyrmakdaky dürli hileler ýüze çykdy.

Aýlyklaryň we pensiýalaryň gijikdirilmegi soňky aýda ýygjamlaşdy.

Aprel aýynyň başynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda aýlyklaryň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň gijä galýandygy barada habar berildi. Ýerli bank işgärleri bu gijikdirmeleri raýatlardan bank kartoçkalaryna degişli maglumatlaryny gaýtadan hasaba aldyrmak talaby bilen baglanyşdyrdylar. Apreliň ortalarynda Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary maýyplyk kömek puluny alyp bilmediler.

Döwletiň raýatlaryň aýlyklaryny, pensiýalaryny we kömek pullaryny wagtynda tölemezligi maşgalalaryň köpüsini gaty kyn ýagdaýa saldy. Bu ujypsyz pul köpler üçin ýeke-täk eklenç çeşmesi bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Могилы советских солдат в Таллинне готовят к переносу: куда, когда и сколько

Свердловчане и челябинцы застряли в ущелье в Сочи

По делу генерала Минобороны Юрия Кузнецова прошли обыски в Москве и Краснодаре

Тувинской рок-группы «Хартыга» выступит в Хакасии

Музыкальные новости

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Тороп берет: как вратарь ЦСКА повлиял на расклад в чемпионской гонке

В Пушкинский день театр кукол «Ульгэр» выступил в райцентре Ресрублики Бурятия: Россия и Культура, Дети

Госцирк Бурятии возглавил Тудуп Батуев: Театр и цирк, Культура, Россия

Новости России

В отделении «Ломоносовское» МОК «Юго-Запад» прошли викторины и открытые чтения

Свердловчане и челябинцы застряли в ущелье в Сочи

По делу генерала Минобороны Юрия Кузнецова прошли обыски в Москве и Краснодаре

По делу кадровика Минобороны проведены обыски по нескольким адресам

Экология в России и мире

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

C 13 по 19 мая 2024 года проходит Неделя профилактики повышения артериального давления

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Moscow.media

Столичные росгвардейцы задержали мужчин, подозреваемых в хранении наркотиков

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

При силовой поддержке столичного спецназа Росгвардии задержан домушник, маскировавшийся под курьера службы доставки







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *