Özbek şahyry Muhammet Salyhyň kitaplary Türkiýede neşir edildi
Özbek poeziýasynyň XX asyrdaky iň görnükli wekilleriniň biri Muhammet Salyhyň 13 tomdan ybarat ýygyndysy Stambulda neşir edildi.
"Kulliýot" ady bilen çap edilen ýygyndy şahyryň dürli ýyllarda ýazan goşgularyndan düzülipdir. Olaryň ählisi, şol sanda söhbetdeşlikler, türk we ýewropa edebiýatyndan edilen terjimeler, şahyryň rus dilindäki goşgulary we makalalary, publisistik çykyşlary, ylmy-populýar makalalary, Muhammet Salyhyň ömri we döredijiligi baradaky synlar berk hronologiki tertipde toplanypdyr.
Şahyr we syýasatçy Muhammet Salyh 1991-nji ýylyň dekabrynda Özbegistanda geçirilen ilkinji prezident saýlawlarynda Yslam Kerimowyň garşydaşy boldy. Syýasy oppozisiýa edilýän basyş sebäpli 1993-nji ýylda Özbegistandan gitmäge mejbur bolan Salyh şondan bäri daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşaýar.
Özbek kazyýeti ony 1999-njy ýylda Daşkentde bolan partlamalarda aýyplap, gaýybana uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi. Praga kazyýeti 2001-nji ýylyň dekabrynda bu aýyplamalaryň syýasy sebäpliligini aýdyp, Muhammet Salyň ekstradisiýa edilmegi baradaky haýyşy ret etdi.
Öz ýurdunda we daşary ýurtlarda häzirki zaman özbek poeziýasynyň iň görnükli wekilleriniň biri hökmünde ykrar edilen Muhammet Salyhyň kitaplary Özbegistanda geçen asyryň 80-nji ýyllarynda gadagan edildi.
Özbek intellektuallarynyň bir topary 2017-nji ýylda şahyr we syýasatçy Muhammet Salyhy aklamak haýyşy bilen prezident Şawkat Mirziýoýewe ýüz tutdy. Häkimiýetler bu haýyşy jogapsyz galdyrdy.