Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Satellit suratlary Garagum kanalyndaky suw joşmasynyň gerimini görkezýär

Satellit suratlary Garagum kanalyndaky suw joşmasynyň gerimini görkezýär

Türkmenistanda gyş aýlarynda bolan adatdan daşary sowuk howanyň yz ýany, Garagum kanalynda emele gelen buzluklar eräp, kanalyň suwy kenarlary böwüsdi we çöle tarap agdy. Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň seljeren satellit suratlary kanaldaky suw joşmasynyň gerimini görkezýär.

Kanaldaky suwuň ýagdaýynyň suratlardaky hronologiýasy Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň doňakçylygyň yz ýany, ýanwar-fewral aýlarynda, Garagum kanalynyň töwereginde dörän başagaýlyk baradaky habarlaryny tassyklaýar.

Neşiriň seljeren satellit suratlarynyň Garagum kanalynyň anyk haýsy sebitden geçýän böleginde düşürilendigini takyklamak kyn, ýöne kenary böwsen suw joşmasynyň gerimini hem-de munuň yz ýany, kenarda gurlan suw bendlerini welin, aç-açan görmek bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 19-njy ýanwardan başlap, doňakçylygyň yz ýany, Amyderýada we Garagum kanalynda buzluklaryň emele gelmegi bilen, ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde, Mary we Lebap welaýatlarynda suw joşmalaryna garşy güýçlendirilen hüşgärlik ýagdaýy barada habar berip başladylar.

Satellit arkaly 17-nji ýanwarda düşürilen suratlarda kanalyň ugrunda emele gelen buzluklary, parça-parça buz üýşmeklerini görmek bolýar. Buzluklar kanalyň hanasynyň egrelýän bölegine ýetmäni, buz üýşmeklerini emele getiripdir. Suratlarda, görnüşinden, birnäçe kilometre çenli uzap gidýän buzluklary görmek bolýar.

20-nji ýanwarda düşürilen suratlarda Garagumyň akymynyň ugrunda emele gelen buzluklar eýýäm eräpdir we kanalyň kenary böwsülip, suw çöle tarap akyp başlapdyr.

Howa maglumatlary neşiriniň çaklamalaryna görä, kanaldaky suwuň derejesiniň göterilmegi bilen bir hatarda, kenaryň böwsülen bölegindäki ýeriň relýefiniň aýratynlyklary, meselem, onuň pes bolmagy hem suwuň agmagyna ýol açan bolmagy mümkin.

Satellit arkaly 22-nji ýanwarda düşürilen suratlarda kenaryň böwsülen böleginde suw bendiniň gurluşygyna girişilýändigini görmek bolýar. Şondan üç gün soň, 25-nji ýanwarda düşürilen suratlarda bendiň gurluşygyň depgininiň güýçlenendigini görmek bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 23-nji ýanwarda Garagum kanalynyň Mary welaýatynyň Zähmet daýhan birleşigine degişli Niçge obasyndan geçýän böleginde emele gelen buzluklaryň eremegi netijesinde, kanaldaky suwuň joşup, 10-dan gowrak hojalygyň mal ýataklarynyň suw joşmalaryndan zyýan çekendigini habar berdiler.

Ýanwaryň soňky on günlüginde Azatlygyň ýerli habarçylary Amyderýanyň we Garagum kanalyň ugrunda suw joşmalaryna garşy hüşgärlik ýagdaýynyň güýçlendirilendigini, ekskawatorlaryň we beýleki agyr tehnikalaryň, galyberse-de iş güýjüniň derýalaryň kenarlaryna köpçülikleýin çekilýändigini, suwuň joşmak howpuna garşy kenarlary berkitmek işleriniň güýçlendirilýändigini yzly-yzyna habar berdiler.

Satellit arkaly 27-nji ýanwarda düşürilen suratlarda bendiň gurluşygy tamamlanmandyr, suwuň kenary böwsen bölegi heniz hem beklenmändir, kanalyň suwy çöle tarap akmagy dowam etdiripdir. Kenary böwsen suw 10 gün töweregi wagtyň dowamynda çöle tarap akyp, çölüň içinde 20 kilometre çenli uzap gidýän täze suw akabasyny emele getiripdir.

Ýanwaryň ahyrynda we fewralyň ilkinji hepdesinde prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna yzly-yzyna dört gezek sapar etdi. Döwlet telewideniýesi Garagum kanalynda suwuň kenary böwüsmegi barada habar bermedi.

Satellit arkaly 11-nji fewralda düşürilen suratlarda suw bendiniň gurluşygynyň tamamlanandygyny, agan suwuň öňüniň beklenendigini görmek bolýar.

“Meteožurnala” görä, Garagum kanalynyň kenaryndan agan suw çölüň içinde 35 kilometre çenli baryp ýetipdir. Garagum kanalynyň azyndan 100 million kub metr töweregi suwunyň çöle siňendigi çak edilýär.

Azatlygyň habarçylary 23-nji ýanwarda sowuk howanyň yz ýany, Amyderýanyň ugrunda emele gelen buzluklaryň hem eräp, Amyderýa goraghanasynyň Gabakly obasynyň çäklerini öz içine alýan bölegini suw basandygyny habar berdiler.

Ýanwaryň birinji ýarymynda Merkezi Aziýa sebitine, şol sanda Türkmenistana adatdan daşary sowuk howa aralaşdy. Ýurduň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy -25, -27 gradusa çenli pese gaçdy. Munuň yz ýany, ýurduň suw akabalarynda we derýalarda buzluklar emele geldi.

Türkmenistanyň döwlet mediasy Amyderýada we Garagum kanalynda suwuň kenarlary böwüsmegi barada habar bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

​Вице-премьер РФ рассказал о ходе строительства новой федеральной трассы в Пермском крае

Собянин: Московскому метрополитену исполнилось 89 лет

Пенсионерка из Москвы лишилась денег, решив помочь бойцу СВО

NHK: В Японии наблюдается рекордный рост заражения гемолитическим стрептококком

Музыкальные новости

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над "Зенитом" в чемпионате России

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Работники сервисного локомотивного депо (СЛД) «Чернышевск» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» заняли призовые места в соревнованиях Роспрофжел «Мы вместе»

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

Новости России

В Подмосковье ожидается до +18 градусов

«Это не приговор»: что такое кольца Венеры на шее и как от них избавиться

Соловьев опроверг прибытие генерала армии Суровикина в Кремль

Синоптики сообщили о теплой и сухой погоде в Москве 15 мая

Экология в России и мире

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Большинство российских туристов к 2030 году пересядут на этот вид транспорта

Спорт в России и мире

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Moscow.media

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *