Gazak suratkeşi terrorçylykda aýyplanyp, ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi
Gazak suratkeşi Dauren Makin terrorçylygy wagyz etmekde aýyplanyp, ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Günäkärlenen we onuň tarapdarlary bu jenaýat işiniň syýasy sebäplidigini aýdýarlar.
Astana kazyýeti bu hökümi 27-nji aprelde yglan etdi. Özüniň bigünädigini öňe süren Makin hökümden şikaýat etjekdigini aýtdy.
Kazyýet işiniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilmegi sebäpli aýyplamanyň jikme-jiklikleri mälim bolmady.
Makiniň aklawçysy Žasulan Kömekow biraz öň Makine bildirilýän aýyplamanyň onuň 2022-nji ýylyň ýanwarynda hökümete garşy guralan we zorluga ýazan köpçülikleýin protestler barada aýdan sözleri bilen baglydygyny aýtdy.