Tanymal şahslar Russiýadan Nawalnyýny derrew boşatmagy talap edýär
Halkara derejesinde ykrar edilen 130-dan gowrak ýazyjy, suratkeş we alym, şol sanda Nobel baýragynyň alty sany eýesi Russiýanyň häkimiýetlerini oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyýnyň "gyssagly we howlukmaç garaşsyz lukmançylyk kömegine" mätäçdigini nygtap, ony derrew boşatmaga çagyrdy.
28-nji aprelde köpçülige ýaýradylan açyk hata gol çekenleriň arasynda görnükli rus-amerikan tansçysy Mihail Baryşnikow, ýazyjy J.K. Rowling, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Orhan Pamuk, Herta Muller, Olga Tokarçuk, Swetlana Alekseýewiç, Mario Wargas Llosa we J.M. Koetze, şeýle hem karikaturaçy Art Spigelman, dramaturg Tom Stoppard, aktýor Ran Reno, öňki futbolçy Erik Kantona we başgalar bar.
"Biz gyssagly we howlukmaç garaşsyz lukmançylyk kömeginiň berilmegini soraýan 600 rus lukmanyna sesimizi goşýarys. Mundan başga-da 100 rus aklawçysy we 100 sebit deputaty Nawalnyýnyň gynalmagynyň bes edilmegini we lukmançylyk kömeginiň berilmegini talap edýär" diýlip, açyk hatda aýdylýar.
Rus prezidenti Wladimir Putiniň karar kabul etmek prosesine, onuň ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýet başynda bolan döwründe, daşary ýurt jemgyýetçiliginiň şeýle basyşlary örän seýrek täsir etdi.