Ermenistanyň baş diplomaty, Azerbaýjan bilen ylalaşygy maslahat etmek üçin, Waşingtona sapar edýär
Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan 30-njy aprelde iş sapary bilen Waşingtona geler. Bu barada 29-njy aprelde Daşary işler ministrligi mälim etdi.
Saparyň dowamynda Mirzoýanyň Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän ylalaşyk boýunça täze tapgyr gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.
Azerbaýjan duşuşyk boýunça bada-bat maglumat bermedi.
Azerbaýjanyň dartgynly Daglyk-Garabag sebitiniň Laçyn geçelgesinde täze barlag-gözegçilik nokadyny ornaşdyrmagyndan soň, iki döwletiň arasyndaky dartgynlylyklar ýene ýitileşdi.