Baýden Russiýada içalyçylykda aýyplanan žurnalistiň ene-atasy bilen duşuşdy
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýada içalyçylykda aýyplanyp tussag edilen amerikan žurnalisti Ewan Gerşkowiçiň ene-atasy bilen duşuşdy.
Prezident we birinji hanym Jill Baýden 29-njy aprelde, Ak tamyň Habarçylar birleşigi tarapyndan Waşingtonda geçirilýän ýyllyk gala naharyndan öň, Ella we Mihail Gerşkowiç bilen duşuşdy.
Duşuşykda edilen gürrüňleriň jikme-jiklikleri çap edilmedi. "The Wall Street Journal" gazetiniň Moskwadaky habarçysy Gerşkowiç mart aýyndan bäri Russiýada tussaglykda saklanýar.
"The Wall Street Journal" gazeti we ABŞ hökümeti žurnaliste bildirilýän içalyçylyk aýyplamalaryny doly ret edýär.
Myhmanlaryň arasynda 2012-nji ýylda Siriýada ýitirim bolan ştatdan daşary žurnalist Ostin Taýsyň ejesi hem boldy.
Baýden metbugat azatlygynyň möhümdigini belläp, bu iki žurnalisti we Russiýada tussag edilen başga bir amerikalyny, Pol Whelany hem agzady.
"Žurnalistika jenaýat däl, Ewan we Ostin daşary ýurtlarda tussag edilen beýleki amerikalylar bilen bilelikde derrew boşadylmaly" diýip, Baýden aýtdy.