Özbek resmileri prezidentiň möhletini uzaldýan konstitusiýa üýtgetmeleriniň makullanandygyny aýdýarlar
Özbek resmileri saýlawçylaryň prezident Şawkat Mirziýoýewiň 2040-njy ýyla çenli wezipesinde galmagyna mümkinçilik berjek konstitusiýa üýtgetmelerini tassyklandyklaryny aýtdylar.
Merkezi saýlaw komissiýasy 1-nji maýda üýtgetmeleriň 90,2 göterim ses bilen tassyklanandygyny aýtdy.
30-njy aprelde geçirilen referendumda saýlawçylaryň garamagyna prezidentlik möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmagy öz içine alýan teklipler hödürlendi.
Sala salyşlyga çykarylan beýleki soraglar 65 ýaşly Mirziýoýewiň ýene iki möhlet prezident bolmagyna we häkimiýet başyndaky möhletini 2040-njy ýyla çenli uzaltmaga mümkinçilik berer.
Onuň häzirki prezidentlik möhleti 2026-njy ýylda tamamlanýar. Ses berişlikde düzgün bozmalaryň bolandygy habar berildi.
Gazeta.uz habar saýty adamlaryň rugsatsyz öz maşgala agzalarynyň ýa-da garyndaşlarynyň deregine ses bermeginiň birnäçe ýagdaýyny habar berdi, uniwersitetleriň birnäçesiniň studentleri bolsa, ses berendiklerini subut etmek üçin saýlaw uçastoklarynda düşen suratlaryny tabşyrmaly bolandyklaryny aýtdylar.
Mirziýoýew beýleki saýlawçylar bilen salamlaşyp, Daşkendäki saýlaw uçastogynda ses berdi. Merkezi saýlaw topary ses berişlige gatnaşygyň 50 göterimden geçendigini aýdyp, referendumy amala aşan diýip yglan etdi.
Ses berişlige gatnaşyk, resmi maglumata görä, ýerli wagty bilen öýlän sagat 5-de 81,4 göterime ýetdi.