HRW gyrgyz, täjik güýçleriniň 2022-nji ýyldaky çaknyşygynyň "uruş jenaýatlaryna barabardygyny” aýdýar
Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň goşunlarynyň sentýabr aýynda iki Merkezi Aziýa ýurdunyň dawaly serhedinde dört gün dowam eden çaknyşygynda 100-den gowrak parahat ýaşaýjynyň we esgeriň ölmegine getiren hereketler "iki tarapyň hem uruş kanunlaryny çynlakaý bozmagy" bilen utgaşdy diýip, HRW aýtdy.
2-nji maýda çap edilen hasabat ozal Sowet Soýuzynyň düzümine giren iki ýurduň arasynda dörän serhet düşünişmezlikleri esasynda bolan iň ganly çaknyşyga uly hukuk toparynyň beren ilkinji bahasy bolup durýar.
HRW bu ýurtlaryň iki goňşynyň arasynda 18 aýda bolan ikinji uly göwrümli çaknyşykda eden köp hereketiniň "uruş jenaýatlaryna barabardygyny" aýtdy.
Hasabatda görkezilen wakalar raýat we tiz kömek ulaglaryna edilen hüjümleri, partlaýjy maddalaryň “seljermezden” ulanylmagyny, harby güýçleriň adamlary bikanun öldürmegini, öýleriň we raýat infrastrukturasyna degişli desgalaryň otlanylmagyny öz içine alýar.