Waşingtonda ermeni we azeri ministrleriniň Dagly-Garabag baradaky açyk gepleşikleri başlandy
Azerbaýjanyň golaýda Dagly-Garabaga barýan ýeke-täk ýolda guran gözegçilik nokady sebäpli dörän dartgynlygy aradan aýyrmak synanyşygynyň çäginde, ABŞ-nyň beýemçilik etmeginde Waşingtonda Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy başlandy.
Döwlet sekretary Antoni Blinken 1-nji maýda, duşuşyk başlamazyndan öň Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen aýratynlykda söhbetdeşlik geçirdi.
Mirzoýan Blinken bilen sebitdäki durnuklylyk, howpsuzlyk, ermeni-azeri gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy diýip, Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy resmi hökümet çeşmelerine salgylanyp habar berdi.
Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan ABŞ resmisi gepleşikleriň parahatçylyk şertnamasyna däl-de, “gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky ylalaşyga” gönükdirilendigini aýtdy. "Biziň maksadymyz ministrleriň bilelikde oturyp, biri-biri bilen gürleşip biljekdigine göz ýetirmekden ybarat" diýip, ol resmi žurnalistlere aýtdy.