Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

HRW gyrgyz, täjik güýçleriniň 2022-nji ýyldaky konfliktde eden hereketleriniň 'uruş jenaýatlaryna ähtimal barabardygyny' aýdýar

HRW gyrgyz, täjik güýçleriniň 2022-nji ýyldaky konfliktde eden hereketleriniň 'uruş jenaýatlaryna ähtimal barabardygyny' aýdýar

Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň goşunlarynyň sentýabr aýynda iki Merkezi Aziýa ýurdunyň dawaly serhedinde dört gün dowam eden çaknyşygynda 100-den gowrak parahat ýaşaýjynyň we esgeriň ölmegine getiren hereketler "iki tarapyň hem uruş kanunlaryny çynlakaý bozmagy" bilen utgaşdy diýip, HRW aýtdy.

2-nji maýda çap edilen hasabat ozal Sowet Soýuzynyň düzümine giren iki ýurduň arasynda dörän serhet düşünişmezlikleri esasynda bolan iň ganly çaknyşyga uly hukuk toparynyň beren ilkinji bahasy bolup durýar.

HRW bu ýurtlaryň iki goňşynyň arasynda 18 aýda bolan ikinji uly göwrümli çaknyşykda eden köp hereketiniň "uruş jenaýatlaryna ähtimal barabardygyny" aýtdy.

Hasabatda görkezilen wakalar raýat we tiz kömek ulaglaryna edilen hüjümleri, partlaýjy maddalaryň “seljermezden” ulanylmagyny, harby güýçleriň adamlary bikanun öldürmegini, öýleriň we raýat infrastrukturasyna degişli desgalaryň otlanylmagyny öz içine alýar.

Topar birnäçe teklipde iki hökümeti-de günäkärleri “halkara ynsanperwerlik kanunyň çynlakaý bozulmagy” üçin jogapkärçilige çekmäge we ýaragly güýçleriniň işgärlerini konfliktli ýagdaýlarda halkara ynsanperwerlik kanunyň ulanylmagy boýunça tälim bermäge çagyrdy.

Şeýle hem topar, serhetleri kesgitlemek boýunça dowam edýän gepleşiklerde gazanylan islendik şertnamanyň hasylly, ýöne gür ilatly we suw üpjünçiliginiň ýeter-ýetmezçiligi bolan sebitde ýerli ilatyň “bilim, ýeterlik ýaşaýyş jaýy we suw” hukuklaryny ykrar etmelidigini aýtdy.

HRW-niň 89 sahypalyk hasabaty 86 sany söhbetdeşlige (şolaryň 69-sy şaýatlar, pidalar ýa-da pidalaryň garyndaşlary bilen geçirildi), 2022-nji ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda wakanyň bolan ýerinde geçirilen 10 günlük derňewlere, lukmançylyk ýazgylarynyň we beýleki resminamalaryň synyna, hemra suratlarynyň derňewlerine, hüjümleri we olaryň netijelerini görkezýän 12 wideonyň tassyklanylmagyna we lazer bilen dolandyrylýan bomba hüjüminiň we lukmançylyk ulaglaryna edilýän hüjümleriň täsirini seljermek üçin 3D modellemä esaslanýar.

Hasabatda esasy üns konfliktiň harby işgärlere däl-de, asuda ilata eden täsirine gönükdirilýär.

HRW raýatlaryň 37-siniň ölendigini, olaryň bäşisiniň çagadygyny we iki tarapdan 36 adamyň ýaralanandygyny dokumentleşdirdi.

Ýöne "media serişdeleriniň habarlaryny we pidalaryň resmi sanawlaryny göz öňünde tutsak, ölenleriň sany 51 adama, ýaralanlaryň sany 121 adama ýetip biler" diýip, HRW bu sanawa harby işgärleriň arasyndaky ýitgileri goşmady.

Konflikt döwründe Gyrgyzystanda 100 müňden gowrak adam başga ýerlere göçürildi. Täjigistan konfliktde göçürilenleriň sany barada maglumat ýaýratmady.

2021-nji ýylyň apreline çenli, ýagny onlarça adamyň ölmegine sebäp bolan ýowuz çaknyşyklardan öň, konfliktler o diýen ýaýramaýardy we serhet ýakasynda giň gerimli harby mobilizasiýa getirmedi.

Hasabat sentýabr aýyndaky konflikte kimiň başlandygy barada netije çykarmaýar.

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Japarow konfliktden birnäçe gün soň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Täjigistanyň Gyrgyzystana “hüjüm edendigini” aýtdy.

Täjik Daşary işler ministrligi Gyrgyzystany "Gyrgyzystan bilen ähli serhet ýakada Täjigistanyň territoriýasyna hüjüm etmekde" aýyplady.

Hasabatyň ýaýramagynyň öňüsyrasynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda HRW-niň krizis we konflikt boýunça baýry ylmy işgäri Jean-Baptiste Gallopin halkara ynsanperwerlik kanunynyň "konfliktiň ähli taraplaryna deň derejede degişlidigini” aýtdy.

"Goşun hüjüm edýärmi ýa-da goranýarmy munuň tapawudy ýok, ol uruş kanunlaryny bozmaly däldir" diýip, Gallopin belledi.

HRW konfliktiň üçünji gününde, 16-njy sentýabrda, düzgün bozmalaryň has-da köp bolandygyny belledi.

“Subutnamalar şol güni irden sagat 5 töwereginde gyrgyz güýçleriniň, täjik güýçleriniň Täjigistanyň serhetdäki Owçi Kalaça şäherçesiniň merkezi meýdançasyna gelmeginden birnäçe minut soň, olaryň golaýynda lazer bilen dolandyrylýan bomba atmak üçin Baýraktar TB-2 pilotsyz uçaryny ulanandygyny görkezdi" diýip, HRW ýazýar.

Partlama ýerli ýaşaýjylar jynaza çäresinden soň metjidiň daşynda ýygnanan mahaly bolup, 10 adamyň ölmegine we 13 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, HRW belleýär.

Hasabatda aýdylmagyna görä, şol gün täjik esgerleri söweşden gaçýan gyrgyz ýaşaýjylaryny alyp barýan awtoulaglara birnäçe gezek ot açdylar.

Söhbetdeşlikde bir gyrgyz zenany täjik esgerleriniň ot açmagynyň yz ýany, adamsynyň we oglunyň ýaralanandygyny we maşgalasynyň ulag "partlan halatynda onuň içinde ölmezlik üçin" awtoulagdan emedekläp çykandygyny aýtdy.

"Maşgala birnäçe wagtlap ýerde hereketsiz ýatýar, ýöne olar hereket eden badyna täjik esgerleri olara gaýtadan ot açdylar" diýip, zenan aýtdy.

Hasabatda gyrgyz söweşijileriniň ynsanperwerlik kanunlary esasynda aýratyn goragy bolan tiz kömek ulaglaryna ot açan ýaly bolup görünýändigi hem aýdylýar.

Täjigistanyň Çorbog obasynyň golaýyndaky köprüde tiz kömek "belligi anyk" görünýän iki tiz kömek ulagyna we parahat ilaty alyp barýan hususy ulaga edilen bir hüjümde 10 adam, şol sanda dört çaga we iki medisina işgäri öldi.

HRW 110 metr uzaklykda ýerleşýän Gyrgyzystanyň Dostuk obasyndan ot açylandygy barada netije çykaryp, "anyk bellik edilen tiz kömek ulaglaryna bilkastlaýyn hüjüm etmegiň, Halkara Jenaýat Kazyýetiniň kanuny boýunça halkara ýaragly çaknyşykda söweş jenaýaty hökmünde ykrar edilendigini" hem belledi.

Hasabatda konflikt döwründe täjik güýçleriniň gyrgyz obalaryny basyp alandygy we netijede olaryň birnäçesiniň tas weýran bolandygy hem dokumentleşdirildi.

16-njy sentýabrda “täjik güýçleri gyrgyz güýçlerini ýeňdi we raýat eşigindäki täjik dilli adamlar bilen serhetdäki gyrgyz obalaryna girdi. Bu gysga wagtlaýyn basybalyjylyk döwründe täjik güýçleri azyndan alty sany parahat ýaşaýjyny öldürdi" diýip, HRW belleýär.

Topar Täjigistana bu wakalary derňemek üçin aýratyn maslahat berdi.

970 kilometr uzynlygy bolan gyrgyz-täjik serhediniň tas ýarysyna golaýy heniz kesgitlenilmedi we Gyrgyzystanyň prezidenti Japarow 17-nji aprelde beren maglumatynda serhetleri kesgitlemek meselesinde öňegidişligiň “haýallandygyny” aýdyp, öňegidişligiň bolmazlygynda Täjigistanyň 1924-nji ýyla degişli karta bolan yhlaslylygyny sebäp görkezdi.

“Geçen ýylda men ähli zady maý aýyna çenli tamamlarys diýdim, sebäbi taraplar ylalaşypdylar we işler çalt ýöreşýärdi. Gynansagam entek hiç zat tamamlanmady" diýip, ol belledi.

Täjigistan gepleşikleriň gidişi barada kommentariýa bermedi.

HRW-niň krizis we konflikt boýunça baýry ylmy işgäri Jean-Baptiste Gallopin soňky ýyllardaky konfliktlerden soň, durmuşlary tersine öwrülen serhet ýakasyndaky täjikleriň we gyrgyzlaryň ýadandygyny hem-de parahatçylygy küýseýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

SHOT: врачи ампутировали часть руки зацеперу, которого поезд ударил током

Самым популярным у российских туристов городом на майских стала Москва

«Британских мужчин запугали феминистки». История москвички, переехавшей в старую добрую Англию

В Россию завезли китайский код // Платформа Gitee локализовалась в Москве

Музыкальные новости

Пианист Мацуев: "Спартаку" нужно менять стратегию, чтобы бороться за чемпионство

Мультфильм «Пушистый вояж» выйдет в прокат при поддержке Детского радио

Инсайты, стратегии и нетворкинг для профессионалов: 21 июня пройдет ежегодный форум «Спорт и Бизнес»

Никакой магии! В спортивном прогнозировании не бывает безусловных выигрышных стратегий

Новости России

АРМЕНИЯ. Мария Захарова: Россия приветствует прямой диалог Баку и Еревана 

Оздоровительные лагеря готовятся встретить мытищинских школьников

В Ярославле на Волге столкнулись речной трамвай и теплоход

КОНКУРС КРАСОТЫ В РОССИЙСКОЙ МЕЖДУНАРОДНОЙ АКАДЕМИИ ТУРИЗМА: ПОСВЯЩАЕТСЯ 55-ЛЕТИЮ АКАДЕМИИ. ФОТОРЯД

Экология в России и мире

Большинство российских туристов к 2030 году пересядут на этот вид транспорта

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Спорт в России и мире

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Moscow.media

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне

Под зеленым куполом

Краски севера V







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *