Geçen ýyl hökümete garşy gozgalaň wagtynda atylyp öldürilen bäş gazak günäli tapyldy
Gazagystanyň Almaty şäherindäki kazyýet geçen ýylyň ýanwar aýynda hökümete garşy gurnalan görlüp-eşidilmedik protestlerde atylyp öldürilen bäş erkegi günäli tapdy.
Bostandyk etrap kazyýeti bu adamlaryň köpçülikleýin bidüzgünçiliklere gatnaşmakda we döwlet binalaryna hüjüm etmekde günäkär tapylandygyny aýtdy. Merhumlaryň garyndaşlary kazyýetiň çykaran kararyndan şikaýat etjekdiklerini aýtdylar.
Olaryň sözlerine görä, bu erkekler prezidentiň "öldürmek üçin duýduryş bermezden atmak" barada beren görkezmesinden soň, protestçilere garşy ot açan polisiýa we howpsuzlyk işgärleriniň pidasy bolupdyr.
Gazagystanyň çar künjeginde bolan protestler wagtynda azyndan 238 adam, şol sanda 19 hukuk goraýjy işgär öldürildi.