FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Türkmenistana sapara geler
FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 4-nji maýda Türkmenistana sapara geler diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.
Bu Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçysynyň Aşgabada edýän ilkinji sapary bolup, onuň dowamynda ýurduň we milli futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylar.
Janni Infantinonyň bir günlük saparynyň FIFA bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ýurtda futbolyň ösüş depginini ýokarlandyrmaga itergi bermegine garaşylýar diýip, habarda bellenýär.
Janni Infantino Merkezi Aziýa ýurtlaryna bir hepdelik iş saparynyň dowamynda Gazagystanda (3-nji maý), Gyrgyzystanda (4-5-nji maý) we Özbegistanda (5-6-njy maý) bolar. Ol 2-nji maýda Täjigistana bardy.
Ýatlatsak, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň dekabrynda Katar Döwletine eden saparynyň dowamynda, Futbol boýunça dünýä çempinatynyň jemleýji oýnuny görmäge barypm stadionda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyp, surata düşdi.