Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan metbugat azatlygynda 180 ýurduň arasynda 176-njy orny eýeledi

Türkmenistan metbugat azatlygynda 180 ýurduň arasynda 176-njy orny eýeledi

Ýyllarboýy erkin sözi basgylaýan Türkmenistan Serhetsiz reportýorlar guramasynyň metbugat azatlygy boýunça ýyllyk hasabatynda 180 ýurduň arasynda 176-njy orny eýeledi.

“Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda habarlar diňe režimi taryplamaga gönükdirilýär” diýip, düýbi Parižde ýerleşýän gurama ýyllyk hasabatynyň Türkmenistana bagyşlanan bölüminde aýdýar.

3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygy gününde çap edilen hasabat dünýäniň 180 ýurdunda we territoriýalarynda metbugat azatlygynyň ýagdaýyna syn berýär.

“Öňki ýolbaşçynyň ogly, Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň martyndaky prezident saýlawlaryndan soňra, senzura we žurnalistleriň yzarlanylmagy güýçlendi. Ähli media serişdeleri hökümet çyzgysyny ýaýmak we “Türkmenistanyň pozitiw keşbini” öňe sürmek bilen borçlandyrylýar. Prezidenti we beýleki resmileri tankytlamak gadagan edilýär” diýip, hasabatda Türkmenistandaky syýasy kontekst suratlandyrylýar.

Türkmenistandaky media giňişligi barada aýdylanda, hökümet gazetleri, radiony, telewideniýäni we Interneti berk gözegçilikde saklaýar. Internet ulgamyndaky maglumat çeşmeleri raýatlara elýeterli däl. Iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda TDH we “Türkmenistan”, “Bitarap Türkmenistan” gazetleri, şeýle-de Altyn Asyr ýaýlymy hökümet propagandasyny ýaýýar. Garaşsyz ýa-da garşylyk media serişdeleri, şol sanda Turkmen.news, Türkmenistanyň hronikasy, Türkmen Yurt TW we Gundogar.org daşary ýurtda iş alyp barýar diýip, hasabatda aýdylýar.

Turkmen.news neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew 3-nji maýda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň media giňişligini suratlandyrdy.

“Gynansak-da, ýurduň içinde media azatlygynyň ýagdaýy has erbet. Geçen ýyl prezident hem täzelendi welin, ýöne hiç hili ýeňillik ýok. Şol öňküsi ýaly, garaşsyz habar beriş serişdeleri, maglumat ugradýan raýatlarymyz yzarlanýar. Häkimiýetler we güýç edaralary reportýorlara, habarçylara gyýa göz bilen garaýarlar – olara dönük hökmünde seredýärler, olary dönük hasaplaýarlar, bizi hem dönük hasaplaýarlar” diýip, Türkmenistan barada garaşsyz habarlary çap edýän Turkmen.news neşiriniň baş redaktory aýtdy.

Žurnalistler häkimiýetleriň halamaýan maglumatyny çap etseler, resmiler olara jenaýat aýyplamalaryny ýöňkemäge ýaýdanmaýarlar diýip, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň hasabatynda aýdylýar.

Türkmenistanda üç ýyl töweregi mundan ozal tussag edilen raýat žurnalisti Nurgeldi Halykow heniz hem gözenegiň aňyrsynda galýar. Mätiýew Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Halykowyň ykbalyna ünsi çekdi we onuň tussaglyk şertleriniň agyrlaşdyrylmagyndan howatyr edilýändigini gürrüň berdi.

“Halykow barada aýratyn gürrüň etsem, ol heniz hem jeza gabawhanasyna salynýar. Biziň saýtymyzda ýa-da başga bir saýtda onuň ady çyksa, onuň ýagdaýy barada maglumat, habar çyksa, her sapar, jeza gabawhanasyna salynýar” diýip, žurnalist aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda, şeýle jeza çäreleri birnäçe gezek gaýtalansa, žurnalistiň türme şertleriniň agyrlaşmagyndan howatyr edilýär.

Hasabata görä, dünýäde we sebitde metbugat azatlygynyň ýagdaýy ýaramazlaşýar. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyzystan metbugat azatlygynda 50 diş aşaklap, 122-nji orna düşdi. Gazagystan 12 diş peselip, 134-nji orna, Özbegistan 4 diş peselip, 137-nji orna düşdi. Öňler Gyrgyzystan Merkezi Aziýa sebitinde erkin metbugaty has az çäklendirýän ýurtlaryň hatarynda gelýärdi.

Türkmenistan tas elmydama metbugat azatlygy hasabatynda soňky üçlüge girýärdi. Türkmen režimi erkin metbugaty gysmakda köplenç Demirgazyk Koreýa we Ertireýa bilen bäsleşýärdi. Ýöne bu sapar Türkmenistan we Eritreýa yzdaky orunlary Hytaýa we Wýetnama gapdyrdy. Soňky sanawda Demirgazyk Koreýa 180-nji, Hytaý 179-njy we Wýetnam 178-nji orny eýeledi.

Hytaý sanawda “propaganda maglumatlarynyň iň iri eksportçysy” we dünýäniň iň uly “žurnalist tussag edijisi” hökmünde häsiýetlendirilýär.

Türkmenistanyň hökümetçi elektron neşirleri we döwlet media serişdeleri Serhetsiz reportýorlar guramasynyň metbugat azatlygy boýunça ýyllyk hasabaty barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Онкоскрининг в Подмосковье с начала года сделали более 26 тысяч жителей

После смерти пациента: в чем обвиняют задержанных хирургов клиники Хайдарова

«Телеком-Дейли» определил лидера среди мобильных операторов по скоростным параметрам на М-12

Воины-мясниковцы в годы Великой Отечественной войны 1941-1945 г.г.

Музыкальные новости

В Калининграде впервые состоялись всероссийские соревнования по самбо «Кубок пяти морей»

Путин: РФ и КНР наладят более тесное взаимодействие в инновационных отраслях

Аналитики оценили изменение высоты новостроек в городах России за 5 лет

Никакой магии! В спортивном прогнозировании не бывает безусловных выигрышных стратегий

Новости России

Онищенко заявил о пользе физических упражнений при подготовке к ЕГЭ

Свыше 2 тысяч детей из Мытищ отдохнут в пришкольных лагерях летом

Более 5 км теплосетей капитально отремонтируют в Люберцах в этом году

Онкоскрининг в Подмосковье с начала года сделали более 26 тысяч жителей

Экология в России и мире

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

Пермский край, Суксунский район

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Спорт в России и мире

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Moscow.media

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Танцы с ветром....







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *