Serbiýada adamlary oka tutmakda güman edilýän atyjy tussag edildi
Serbiýanyň döwlet telewideniýesi Belgradyň golaýyndaky Mladenowak sebitinde bolup geçen atyşykda azyndan sekiz adamyň ölendigini we 14 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Içeri işler ministrliginiň 5-nji maýdaky beýanatynda U.B. diýip tanadylan 21 ýaşly adamyň merkezi Serbiýanyň Kragujewak şäheriniň golaýynda, birnäçe sagatlap dowam eden gözlegden soň tussag edilendigi aýdyldy, emma güman edilýäniň adamlary oka tutmagynyň sebäbi aýdylmady.
"Polisiýa bu wakanyň ähli faktlaryny we ýagdaýlaryny anyklamak üçin işleýär" diýip, beýanatda aýdylýar.
Häkimiýetleriň habar bermegine görä, 4-nji maýdaky atyşyk Dubona, Malo Orasje we Mlademowagyň golaýyndaky Sepsin obalarynda, paýtagtyň 40 km günortasynda boldy.
AÝ/AR-nyň habarçylarynyň habar bermegine görä, ýaralananlaryň üçüsi ýerli keselhanada gyssagly operasiýa edildi.
Bu waka 13 ýaşly şübheli 3-nji maýda Belgraddaky bir mekdepde sekiz çagany we bir howpsuzlyk işgärini öldürip, ýedi adamy ýaralanyndan 48 sagat töweregi soň bolup, hökümetiň has berk ýarag gözegçiligi çärelerini yglan etmegine sebäp boldy.