Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan-ABŞ geňeşmeleriniň indiki duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Türkmenistan-ABŞ geňeşmeleriniň indiki duşuşygy Aşgabatda geçiriler

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň saýtynda golaýda Waşinggtonda iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýyllyk syýasy geňeşmeler boýunça bilelikdäki beýanat çap edildi.

2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirýän Elizabet Horst we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Waşingtonda ABŞ-Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn maslahatlarynyň dokuzynjy tapgyryna üstünlikli ýolbaşçylyk etdiler diýip, beýanatda aýdylýar.

Horst Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, territorial bitewiligini we garaşsyzlygyny üýtgewsiz goldaýandygyny nygtady.

Döwlet sekretary Blinken bilen daşary işler ministri Meredowyň ýylyň dowamynda alyp baran işlerini, şol sanda 28-nji fewralda Astanada we 24-nji aprelde Waşingtonda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklary belläp, Horst her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň umumy kynçylyklary we gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmak, ABŞ-Türkmenistan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn we sebitleýin maksatlary ilerletmek üçin platforma bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, gatnaşyjylar Merkezi Aziýa we ABŞ üçin C5 + 1 sebit diplomatik platformasyny goldaýandyklaryny tassykladylar.

Howpsuzlyk, syýasy we bilim hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny, daşary syýasatdaky oňyn bitaraplyk ýörelgesini goldaýandygyny ýene bir gezek tassyk etdi. Iki ýurt hem sebitiň içinde we daşynda howp-hatar wehimlerine, şol sanda terrorçylyga garşy göreşmegiň, Merkezi Aziýada howpsuzlygy üpjün etmegiň ýollaryny bilelikde gözlemek we maslahatlaşmak islegini bildirdi.

Iki ýurt hem, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary hökmünde, medeni we bilim programmalaryna ygrarlydyklaryny tassyklady we bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasyny düzjek jarnama, bilim hyzmatdaşlygy baradaky özara düşünişmek borçnamasyna gol çekdi.

Adam hukuklary barada aýdylanda, Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň geçen ýyl Halkara zähmet guramasynyň (HZG) eden birnäçe saparyna we mejbury zähmet meselesini çözmek üçin HZG standartlaryna esaslanýan hereket planyny işläp düzmegiň tamamlanmagyna açyk bolandygyny ykrar etdi. Türkmen tarapy özleriniň bu hereket planyny, şol sanda Halkara zähmet guramasynyň türkmen zähmet kanunçylygyna girizilmeli özgertmeler baradaky maslahatlaryny durmuşa geçirmek isleýändigini aýtdy.

Şeýle-de, syýasy geňeşmelere gatnaşanlar özleriniň Adam ölçegleri boýunça iş toparynyň Aşgabatda yzygiderli duşuşyp, dürli adam hukuklary meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ykdysadyýet, ekologiýa we maýa goýumlary barada aýdylanda, Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak ugrundaky tagallalaryna berýän tehniki goldawyny mundan aňryk hem dowam etdirer.

Birleşen Ştatlar we Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň, hususan-da metan zyňyndylaryny azaltmagyň möhümdigini nygtady.

Birleşen Ştatlar we Türkmenistan zyýanly galyndylaryň syzýan ýerlerini anyklamak we bejeriş çözgütlerini tapmak, şeýle-de nebit we gaz pudagynda metan zyňyndylaryny gözegçilikde saklamak üçin maýa goýum meýilnamasyny düzmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini mälim etdi.

ABŞ we Türkmenistan, bu işi ilerletmek tagallalarynyň çäginde, metany azaltmak boýunça iş toparyny döreder.

Şeýle-de, döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Horst we daşary işler ministri Meredow ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklary dowam etdirmek we her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň indiki tapgyryny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek isleýändiklerini aýtdylar.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Трансформация цифровой инфраструктуры: приоритет отечественных решений

В Москве открылся VIII Всероссийский конгресс по геронтологии и гериатрии

Дом в рамках реновации появится вблизи станции метро «Народное Ополчение» в Москве

Суд в Москве отправил под домашний арест второго врача клиники Хайдарова

Музыкальные новости

Полезные приложения для поклонников спортивной ходьбы

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

RPG Battle of Souls доступна в Google Play 2 стран

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

Новости России

Собянин провел личный прием граждан

Политик-трансгендер из Алтая снова стал мужчиной, извинился перед россиянами и процитировал Киркорова

Суд продлил арест четырем фигурантам дела о теракте в «Крокусе»

«Зайца» из Жешарта оштрафовали за поездки в московских электричках

Экология в России и мире

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Страдания юного Аюша Булчун

10 полезных продуктов для сердца

Спорт в России и мире

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Moscow.media

Вышло обновление системы расширенной аналитики «Дельта BI»

Фикс-тариф будет доступен всем пользователям BelkaCar

АвтоВАЗ запустит производство доступного семиместного автомобиля "Лада"

Более 1 млн проездов по трассе М-12 Восток совершили автомобилисты в майские праздники







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *