Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow Moskwada Ýeňiş güni dabaralaryna gatnaşmaga geldi

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ikinji jahan urşundan bäri materigiň iň uly gury ýer urşuny alyp barýan wagtynda, öňki sowet döwletleriniň ýedi lideri 9-njy maýda 1945-nji ýylda gazanylan Ýeňşi bellemek üçin Gyzyl meýdançada geçiriljek parada gatnaşar. Türkmenistanyň prezidenti Moskwa şu gün geldi. 


Rus mediasy Putiniň Serdar Berdimuhamedowy Kremlde garşylandygyny habar berdi.  


Mundan öň Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Belarusyň awtoritar liderleriniň gatnaşýan dabarasyna Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň hem goşuljagy habar berlipdi.


Bu ýedi ýurt Ikinji jahan urşy döwründe Sowet Soýuzynyň bir bölegi bolupdy, emma Russiýanyň agagalyk edýän SSSR-niň dargamagy bilen, olar 1991-nji ýylda öz garaşsyzlygyny yglan etdi.


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew sapar wagtynda Moskwanyň günbatarynda, Twer sebitindäki Ržewde gurlan ýadygärlige baryp görer. Bu uruş ýyllarynda agyr söweşleriň bolan we merkezi aziýaly söweşijileriň köpüsiniň jaýlanan ýeri diýip bilinýär.


Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow 8-nji maýda Ržewde gurlan ýadygärligi açyp, "Bu biziň geljegimiz üçin söweşen gahrymanlaryň hemmesine baky ýadygärligiň nyşany bolar" diýdi.


Gyrgyzystanyň prezidenti Russiýa Putin we beýleki resmiler bilen ikitaraplaýyn gepleşikler tapgyryny geçirmek üçin 7-nji maýda geldi. Beýleki liderleriň hem Russiýanyň awtoritar lideri bilen gepleşik geçirmegine garaşylýar.


TASS habar gullugynyň Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa şu gün geldi.


Ol biraz öň Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.


“1941 — 1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyny, söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, front üçin gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller hiç haçan unutmaz” diýip, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň metbugatda çap edilen gutlag hatynda aýdylýar.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *