Narwa galasynyň diwarynda "Putin uruş jenaýatçysy" diýen plakat asyldy
Bu plakat Russiýanyň derýanyň beýle tarapynda ýerleşýän Iwangorod şäheriniň ýaşaýjylaryna gowy görünýär.
Plakat suraty galada ýerleşýän Narwa muzeýiniň sosial ulgamlardaky sahypasynda hem ýerleşdirildi.
"Postimees" neşiriniň habaryna görä, bu çäre "Russiýanyň metbugatynda ýaýradylan propagandany we ýalan maglumatlary ýok etmek" maksadyna eýerýän Propastop birleşigi bilen bilelikde taýýarlandy.
Estoniýada, ÝB ýurtlarynyň köpüsinde bolşy ýaly, 9-njy maý Ýewropa güni hökmünde bellenilýär. Faşizmden üstün çykylan güni bolsa 8-nji maýda bellenilýär.