Erdogan pikir soramalarynda saýlaw bäsdeşi Kylyçdarogludan yza galýar
“Konda” pikir soraýyş guramasynyň dördünji gündäki pikir soramalary Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň şu hepdäniň aýagynda geçiriljek prezident saýlawlarynyň alnynda öz esasy bäsdeşi Kemal Kylyçdarogludan bäş göterim derejesinde yza galýandygyny görkezdi.
Pikir soramalarynyň jogaplary Erdoganyň 43,7%, Kylyçdaroglunyň 49,3% goldaw alýandygyny görkezýär.
Bu birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan köplükden az bolup, 28-nji maýda saýlawyň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini we onuň iki adamyň arasynda boljakdygyny yşarat edýär.
Bu netijeler Erdoganyň ses berişlikde özüniň ýigrimi ýyllyk dolandyryşyndaky iň uly synag bilen ýüzbe-ýüz bolandygy baradaky täsirleri döretdi.