Ýellen bergi meselesiniň çözüljekdigini aýdýar
ABŞ-nyň golaýlap gelýän bergi çäginiň üstündäki gapma-garşylygyň dünýä ykdysadyýetine abanýan iň uly howplaryň biri bolmak ahtimallygy bilen, Uly ýediligiň, dünýäniň senagat taýdan ösen iň baý ýurtlarynyň maliýe liderleri 11-nji maýda Ýaponiýadaky duşuşyklaryna başlaýarlar.
ABŞ-nyň Gazna sekretary Janet Ýellen Ýaponiýanyň deňiz kenaryndaky Niigatada özüniň ileri tutýan meseleleriniň biriniň dünýäniň iň uly ykdysadyýetinde milli berginiň çägi üstünde dörän gapma-garşylygy çözmegiň möhümdigini nygtamak boljakdygyny aýtdy.
“Men, Amerikanyň ykdysady liderligini saklamak we dünýä ykdysadyýetini goramak üçin, Kongresiň bergi çägi meselesini çözmek tagallasyny etmeginiň ähmiýetine ünsi çekerin" diýip, Ýellen 11-nji maýda twitterde ýazdy.