Türkmenistan Owganystana 125 tonna ynsanperwerlik kömegini iberýär
Owganystanda dowam edýän krizisiň arasynda, Türkmenistan Owganystana 125 tonna ynsanperwerlik kömegini iberýär diýip, "aninews.in" neşiri habar berýär.
Neşiriň 13-nji maýda çap eden maglumatyna görä, ynsanperwerlik kömeginiň düzüminde lukmançylyk maksatly serişdeler, dokma harytlary hem-de azyk önümleri bar.
Türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol goýan buýrugy esasynda, şu aýda Owganystanyň halkyna ýene bir ynsanperwerlik kömeginiň iberiljekdigini, TDH 7-nji maýda habar berdi.
Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine lukmançylyk maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.
Bu kömegiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy esasynda iberiljekdigi aýdyldy.
Şeýle-de, türkmenistanly lukmanlar bellenen tertipde Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine iş saparyna iberiler diýip, türkmen metbugaty habar beripdi.