Türkiýeliler prezident we parlament saýlawlarynda ses berýär
Türkiýeliler 14-nji maýda häzirki zaman Türkiýesiniň 100 ýyllyk taryhynda, prezident Rejep Taýyp Erdogany 20 ýyllyk dolandyryşyndan aýryp, onuň barha beter awtoritarlaşýan hökümetini togtadyp biljek iň wajyp saýlawlaryň birinde ses bermäge başlady.
Ses berişlikde diňe 85 million ilatly NATO agzasyna kimiň ýolbaşçylyk etjekdigi däl, eýsem onuň ýasaýjylara barha gymmat düşýän ykdysady krizisiň arasynda nähili dolandyryljakdygy, ýurduň öňünden aýdyp bolmajak öwrümlere gelen daşary syýasat ugry hem keditlener.
Pikir soramalary Erdoganyň esasy bäsdeşiniň, alty sany oppozisiýa partiýasyndan ybarat bileleşige ýolbaşçylyk edýän Kemal Kylyçdaroglunyň biraz öňe saýlanýandygyny görkezdi.
Türk syýasatçylary soňky saýlaw duşuşyklaryny bir gün öň, döweletiň geljegine ep-esli derejede täsir edip biljek möhüm prezident we parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda, 13-nji maýda geçirdiler.
Häkimiýet başynda bolan iki onýyllygynda iň kyn synag bilen ýüzbe-ýüz bolýan prezident Rejep Taýyp Erdogan Stambulda gurnalan üç duşuşykda çykyş etdi.
Onuň esasy bäsdeşi, dünýewilige tarapdar, merkez-çepçi Jemhuriýet halk partiýasynyň agzasy Kemal Kylyçdaroglu 13-nji maýda käbir tarapdarlary bilen häzirki Türkiýäni we CHP-ni, Jemhuriýet halk partiýasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürkiň mawzoleýine bardy.