HPG Türkmenistanyň jemi içerki önüm ösüşiniň biraz peseljekdigini çaklaýar
Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň hakyky hakyky ösüşi 2023-nji ýylda 2,3% bolar diýlip çaklanylýar.
“Trend” neşiri bu habary Halkara pul gaznasynyň (HPG) sebitleýin ykdysady synynyň soňky netijelerine salgylanyp berdi.
Maglumata görä, Halkara pul gaznasynyň öňki çaklamasynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň hakyky ösüşi 2,3% bolar diýlip çaklanyldy.
HPG 2024-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň hakyky ösüşiniň 2,1% boljakdygyny çaklaýar.
HPG-nyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň hakyky ösüşi 1,8%, 2021-nji ýylda - 4,6%, 2020-nji ýylda bolsa 2,9% boldy.
Türkmenistanyň hökümeti ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 2023-nji ýylda 6,5% derejesinde boljakdygyny çaklaýar diýip, habarda aýdylýar.
Halkara pul gaznasy mundan öň, Türkmenistanyň Jemi içerki önüminiň ösüş depgininiö 2022-nji ýylda 1,7 % töwereklerinde boljakdygyny çaklady.
Ýöne türkmen hökümetiniň hödürleýän sanlary halkara gaznanyň sanlaryna çapraz geldi. Türkmen hökümeti JIÖ-iň ösüş depgininiň 2022-nji ýylda 6%-den gowrak boljakdygyny çaklady.
Galyberse, Bütindünýä banky dünýä ykdysadyýetiniň perspektiwalary boýunça çap edýän soňky hasabatlarynda, ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Türkmenistany iki gezek yzly-yzyna hasabatdan çykardy.
“Esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistan we Wenezuella boýunça ykdysady önüm, girdeji ýa-da ösüş maglumatlaryny çap etmeýär. Türkmenistan we Wenezuella makroykdysady agregatlardan aýrylýar” diýip, Bütindünýä banky iýunda hem-de ýanwarda çap eden hasabatlarynda aýtdy.