Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Daşoguzda üç mekdep okuwçysynyň ölümine sebäp bolmakda aýyplanýan polisiýa işgärine 18 ýyl kesildi

Daşoguzda üç mekdep okuwçysynyň ölümine sebäp bolmakda aýyplanýan polisiýa işgärine 18 ýyl kesildi

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky ýol heläkçiliginde üç mekdep okuwçysynyň ölümine sebäp bolmakda aýyplanýan polisiýa işgäri uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi. Welaýatdaky habarçymyz we ygtybarly çeşmelerimiz sebitde jenaýata baş goşan kanun goraýjylara bu hili jezanyň örän seýrek berilýändigini aýdyp, suduň bu karary çykarmagyna betbagtçylygyň Azatlyk Radiosynda köpçülige äşgär edilmeginiň täsir edendigini aýdýarlar.

"Kanun goraýjylar we polisiýa işgärleri heläkçilige sebäp bolan uly leýtenanty türmä basmajak bolup, onuň psihikasynyň üýtgändigi barada galp maglumatlary taýýarlap, ony Ýylanlydaky ruhy taýdan näsag hassalaryň bejergi alýan keselhanasynda saklap gelipdirler. Ýöne geçen hepdäniň duşenbe güni, ýagny 8-nji maýda Görogly etrap kazyýetinde duýdansyz açyk sud geçirilip, uly leýtenant 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi" diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlykda gürrüňi edilýän polisiýa işgäriniň şahsyýetini anyklaýan maglumatlar bolsa-da, ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Ýatlatsak, musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynda, 5-nji aprelde gije sagat 11 töwereginde etrabyň "Bedirkent" daýhan birleşiginde ýerli polisiýa bölüminiň uly leýtenanty serhoş ýagdaýda gulluk wezipesini ýerine ýetirýän mahaly, ulagy aşa ýokary tizlikde dolandyrýar we ony tarawa namazyndan soň, ýoluň gyrasyndan öýlerine ýöräp barýan bäş adamyň üstüne sürýär. Şonda adamlaryň iki sanysy gaçyp ýetişýär, ýöne üç ýaş oglan ulagyň aşagynda galýar. 10-njy we 11-nji synplarda okaýan iki okuwçy wakanyň bolan ýerinde heläk boldy. Şeýle-de, ýene bir okuwçy etrap hassahanasynda aradan çykdy.

Şonda habarçymyz polisiýa işgäriniň heniz tussag edilmändigini aýdyp, merhumlaryň hossarlarynyň bu ýagdaýdan nägiledigini we leýtenantyň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilmegini isleýändigini belläpdi.

Habarçymyzyň we çeşmämiziň sözlerine görä, ýol heläkçiliginiň yzysüre, polisiýa işgäri waka şaýat bolan oba ýaşaýjylary tarapyndan "belli bir derejede urlup-ýenjilipdir". Ol saglyk resmilerinden "agyr şikes alandygy" barada resminamalary alypdyr.

"Ol ruhy saglygynyň kadaly däldigi barada "galp resminamalary" hem taýýarlap, ruhy taýdan näsaglaryň bejergi alýan hassahanasyna ýatmagy-da başarypdyr. Ýöne ýol heläkçiligi barada Azatlykda berlen maglumatdan soň, onuň bu hilesi netije bermändir. Sebäbi Azatlykda bu betbagtçylygyň äşgär edilmeginden soň, bu meselä ýokary derejeli döwlet resmisiniň gatyşandygy we onuň ýokary kazyýete polisiýa işgärine adalatly jeza berilmegini üpjün etmegi tabşyrandygy aýdylýar. Şol sebäpli gyssanmaç sud geçirildi" diýip, ýagdaýdan habarly ynamdar çeşmämiz aýtdy.

Sebitde jenaýata baş goşan kanun goraýjylara bu hili jezanyň örän seýrek berilýändigini aýdýan habarçymyzyň tassyklamagyna görä, merhumlaryň hossarlary polisiýa işgärine adalatly jeza beriljeginden umytlaryny üzen eken.

"Daşoguzda adam ölümine sebäp bolýan kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň adalatly jezalandyrylmagy tas mümkin däl. Mekdep okuwçylarynyň heläkçiligine jogapkär polisiýa işgäriniň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilmegi, sebitde adam pidasyna sebäp bolan kanun goraýja adalatly jeza berilmegi bilen bagly seýrek wakalaryň biri boldy" diýip, habarçy aýtdy.

Mundan ozal, daşoguzly ýaşaýjylaryň ençemesi wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän mahaly, serhoş ýagdaýda ýol hadysalaryna we adam pidalaryna sebäp bolan polisiýa işgärleriniň tussag edilenden üç-alty aý soň günä geçişlikde azatlyga goýberilýändigini aýdypdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada etrap kazyýetinden we ýerli polisiýa bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri adatça ýurtda bolýan ýol heläkçilikleri, olaryň jogapkärlerine berilýän jeza barada maglumat bermeýärler. Ýol hadysalarynda ýylda näçe adamyň wepat bolýandygy baradaky statistika hem mälim edilmeýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler adam pidalaryna getirýän köçe-ýol, otly betbagtçylyklary barada ýygy-ýygydan maglumat berýärler.

Şu aýyň başynda Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Farapda bolan ýol heläkçiliginde iki adamyň ölendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Пенсионерка из Москвы лишилась денег, решив помочь бойцу СВО

Собянин: Московскому метрополитену исполнилось 89 лет

Проект «Московское долголетие» открыл свыше 600 групп по вокалу в столице

Суд арестовал по делу о взятке кадровика Минобороны Кузнецова Мартиросяна

Музыкальные новости

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над «Зенитом» в матче РПЛ

Тороп берет: как вратарь ЦСКА повлиял на расклад в чемпионской гонке

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Новости России

Собянин: Московскому метрополитену исполнилось 89 лет

Уже больше 2,5 млн россиян привились от клещевого энцефалита

NHK: В Японии наблюдается рекордный рост заражения гемолитическим стрептококком

Проект «Московское долголетие» открыл свыше 600 групп по вокалу в столице

Экология в России и мире

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Спорт в России и мире

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Moscow.media

Столичные росгвардейцы задержали мужчин, подозреваемых в хранении наркотиков

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае

Еще 36 м надвижки на мосту через Каму

«Байкал Сервис» открыл новый терминал площадью почти 4500 кв. м на юго-востоке Москвы







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *