Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gowaça meýdanlarynda ýekeleme işlerine badalga berildi, ideg işleri agyr zähmet talap edýär

Gowaça meýdanlarynda ýekeleme işlerine badalga berildi, ideg işleri agyr zähmet talap edýär

Şu günler Lebap welaýatynyň gowaça meýdanlarynda ýekelemek işleri alnyp barylýar. Kärendeçi daýhanlar ideg işleriniň agyr ynsan zähmetini talap edýändigini aýdýarlar we, düşewüntsiz oba hojalyk işiniň arasynda, öz maliýe serişdeleriniň hasabyna goşmaça işçi güýjüni hakyna tutmaga mejbur bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Lebaply pagtaçylar gowaçany ýekelemek işlerine 14-nji maýda girişdi. Daýhanlar sebitde +36 gradusa çenli baryp ýeten yssy howada alnyp barylýan ýekeleme işleriniň agyr ynsan zähmetini talap edýändigini aýdýarlar.

Gowaçany ýekelemek işleri otag işleriniň yz ýany amal edilýär. Netijeli ösüş almaga gönükdirilen ideg işlerinde gür gögeren gowaçalar selçeňleşdirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapda alnyp barylýan ýekeleme işlerine esasan aýal-gyzlaryň gatnaşýandygyny habar berýär.

“Esasan zenan maşgalalar gowaçalary ýekeleýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji maýda we 15-nji maýda welaýat häkimleri bilen sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beýleki oba hojalyk işleri bilen bir hatarda gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ýekeleme we otag işleri maslahat edildi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işlerinde, şol sanda hatarara bejergi, ýekeleme we otag işlerinde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan peýdalanylýandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi gowaçany ýekelemek işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny görkezmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ideg işlerinde agyr ynsan zähmetinden peýdalanylýandygyny habar berýärler.

Otag işleriniň yz ýany, gür gögeren gowaçalar selçeňleşdirilýär we ekinler mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, ösüş suwy tutulýar. Ösüş almaga gönükdirilen kadaly ideg işleri gowaçanyň boý almagyna ýardam berýär. Munuň yz ýany, boý alan gowaçalaryň çürtüm işlerine badalga berilýär.

Türkmenistanyň hökümeti döwlet mediasynda “ak altyn” atlandyrylýan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Gowaçanyň hatarara bejergi, otag, ýekeleme we çürtüm işleri zähmet talap edýär. Galyberse-de, güýz aýlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnamak boýunça mejbury kampaniýalar alnyp barylýar.

Türkmenistanda şu ýyl 580 müň gektar meýdana gowaça ekildi.

Bütindünýä bankynyň hasabatyna görä, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň zähmet güýji takmynan 2 million adam hökmünde hasaba alyndy. Mundan ozal, halkara hasabatlarda ýurduň zähmete ukyply ilatynyň tas 50 göteriminiň oba hojalygy pudagynda iş bilen üpjün edilendigi aýdyldy. Türkmenistanyň hökümeti ýurduň ilat sany, şol sanda zähmete ukyply ilatyň anyk sany barada statistiki maglumatlary köpçülige äşgär etmeýär. Ýöne, bu hasaplamalardan çen tutulsa, gödek hasap bilen aýdylanda, ýurt boýunça bir gektar gowaça meýdanyna iň köp iki adam ideg edip bilýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy sebitde gowaçanyň ýekeleme işlerine hakyna tutma çekilýän işçilere, 400 metr uzynlygy bolan gowaça hataryny ýekelemek üçin, 30-40 manat aralygynda töleg tölenilýändigini adýar

“Hakyna tutma işçileriň tölegleri kärendeçi daýhanyň gerdenine ýüklenýär” diýip, bir ýerli oba hojalyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýylyň dowamynda bir gezek ýyllyk girdeji alýan pagtaçy kärendeçiler ösdürip ýetişdiren gowaça hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga mejbur bolýarlar.

Bu aralykda, döwlet dökün, tehnika we suw üpjünçiligi ýaly ugurlarda kärendeçilere ýeňillikleri we ýardamlary üpjün etmäge borçlanýar. Ýöne ýerli daýhanlar ýyllarboýy oba hojalyk pudagyndaky üpjünçiligiň ýaramaz ýagdaýy bilen bagly arz-şikaýatlaryny beýan edip gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Команда из Самары поборется за место в финале во Всероссийском соревновании по искусственному интеллекту

Минфин предложил повысить ставку ипотеки для россиян с детьми старше 6 лет

Замена Toyota Land Cruiser обойдется почти в миллион рублей за год: подсчитана стоимость владения премиальным внедорожником Tank 500

Подмосковье стало участником форума «Здоровье нации — основа процветания России»

Музыкальные новости

Путин: РФ и КНР наладят более тесное взаимодействие в инновационных отраслях

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Звезды спорта. Кто они такие и почему их так называют?

Новости России

Пианист Мацуев: "Спартаку" нужно менять стратегию, чтобы бороться за чемпионство

Дни духовной культуры России проходят в Минске

Нового главного ветеринара региона назначил губернатор Воронежской области

Школу № 2 в Домодедове капитально отремонтируют к 1 сентября

Экология в России и мире

Lamoda запустила бренд мужской одежды и обуви Mademan

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Спорт в России и мире

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Moscow.media

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Из-за паводка на севере Омской области ограничено движение на участках трассы Тевриз – Александровка







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *