Özbegistanda migrantlary we wals tansyny eden okuwçylary tankytlan ymam işden boşadyldy
Fergana sebitiniň Taşlak etrabynyň baş ymamy Şukrullo Egamberdiýew wezipesinden boşadyldy. Musulman geňeşiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu karar 16-njy maýda Özbegistanyň Musulman müdirliginiň içerki dolandyryş komissiýasynyň mejlisinde kabul edildi.
Komissiýa Şukrullo Egamberdiýewi düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek we Taşlak sebitiniň baş ymamy wezipesinden boşatmak kararyna geldi.
“Şukrullo Egamberdiýew öz eden çykyşlarynda ýalňyşlyk goýbrendigini boýun aldy we ötünç sorady. Ymam hatyp geljekde bu hili kemçiliklere ýol bermejekdigini aýtdy. Beýleki tarapdan, ymam hatyby biabraý etjek bolmazlygy haýyş edýäris, sebäbi onuň hereketlerine kanuny baha berler we degişli çäre görler” diýip, habarda aýdylýar.
Golaýda Egamberdiýewiň daşary ýurtlarda işleýän zähmet migrantlaryny tankytlaýan wideosy sosial ulgamlarda peýda boldy.
“Iş ýok diýip zeýrenýärler. Emma köp adam iş tapýar we bu ýerden gitmeýär. Kelläňi işletmeli, tagalla etmeli, hudaýdan dileg etmeli. Ulumsylygy goýmaly. Bu ýerdäki köçeleri süpürmeýärler, ýöne Russiýadaky köçeleri süpürýärler. Bu ýerde sygyr ýataklaryny arassalananoklar, ýöne o ýerde doňuz ýataklaryny arassalaýarlar... Köp tagalla etmeli, öwrenmeli... Okamasaň gul bolarsyň. Esasanam mekdepde okamak zerur. Eger oglanlar ylma üns bermeseler, nol we gul bolarlar, işçi bolarlar” diýip, ol öz wideo çykyşynda aýdýar.
Ymam başga bir wideoda gutardyş agşamynda wals tansyny eden gyzlary tankytlaýar.