Häkimiýetler: Azerbaýjanda Eýranyň hakyna tutan ýedi adamy tussag edildi
Azerbaýjan häkimiýetleri 16-njy maýda, öz sözlerine görä, Eýranyň Azerbaýjanyň konstitusiýa gurluşyny bozmak we ýurtda şerigat kanunçylyny ýola goýmak üçin hakyna tutan adamlarynyň birnäçesini tussag edendiklerini aýtdylar.
Şeýle-de, çap edilen beýanatda tussag edilen ýedi adamyň Azerbaýjanyň jemgyýetçilik işgärleriniň janyna kast etmekçi bolandyklary aýdylýar.
Azerbaýjan häkimiýetleri 1-nji fewralda Eýranyň peýdasyna içalyçylyk etmekde güman edilýän 40 töweregi adamy tussag edendiklerini aýtdylar.
Bu beýanat Azerbaýjanyň Tährandaky ilçihanasynda bir ýaragly adam howpsuzlyk işgärini atyp öldürip, başga-da iki adamy ýaralanyndan bir hepde çemesi soň edildi.
Baku we Tähran bu wakany resmi taýdan ýazgardy.