Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mary: Mugallymlar pul ýygnamak we beýleki talaplary berjaý etmedik okuwçylara pes baha goýmak barada haýbat atýarlar

Mary: Mugallymlar pul ýygnamak we beýleki talaplary berjaý etmedik okuwçylara pes baha goýmak barada haýbat atýarlar

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja gün galanda, Mary welaýatynyň merkezi şäherinde käbir mugallymlar okuwçylara pes baha goýmak barada haýbat atyp, olardan dürli işleri berjaý etmegi talap edýärler. Käbir gurply ene-atalar bolsa, çagalaryna ýokary baha goýulmagyny üpjün etmek üçin mugallymlara para berýärler. Bu ýagdaýlar barada ene-atalaryň, okuwçylaryň we mugallymlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

"Welaýatyň tas ähli, esasanam şäheriň 16-24-13-5-nji mekdeplerinde köp mugallym ýokary okuw jaýyna girmek isleýän soňky synp okuwçylardan mekdebi abatlamak üçin pul bermegi, kiçi synp okuwçylaryň depderlerini barlamagy we şuňa meňzeş beýleki işleri etmegi talap edýärler. Olar ökde okuwçylara özleriniň konspektlerini hem ýazdyrýarlar. Mugallymlar bu talaplary berjaý etmedik okuwçylara pes baha goýup, okuw şahadatnamasyna täsir ýetirmek barada haýbat atýarlar" diýip, habarçymyz belledi.

Ene-atalaryň sözlerine görä, bular esasan gutardyş synaglaryny geçirýän mugallymlar bolup, olar özlerine gymmatbaha sowgatlaryň alynmalydygyny hem gytaklaýyn aýdýarlar.

"Bu talaplary mugallymlaryň ählisi edýär diýip bolmaz, ýöne olaryň köpüsi synag geçirýän mugallymlary naharlamagy hem mekdebi tamamlaýan 11-nji synp okuwçylaryň üstüne atýar. Munuň üçin olar okuwçylardan ýa pul ýygnaýarlar, ýa-da nahar bişirip gelmegi talap edýärler. Çagasyna pes baha goýulmagyny islemeýän ene-atalar bu talaplara razy bolýarlar. Sebäbi ýokary baha ýurduň içindäki ýokary okuw jaýlara girjek ýaşlar üçin o diýen zerur bolmasa-da, daşary ýurtlarda okamaga gitjekler üçin möhüm hasaplanýar" diýip, iki çaganyň kakasy maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şu günler käbir gurply ene-atalar bolsa, habarçymyzyň we mugallymlaryň tassyklamagyna görä, bu ýyl mekdebi tamamlaýan çagalaryna ýokary baha goýulmagyny üpjün etmek üçin mugallymlara para berýärler.

"Baý ene-atalar mugallymlary öýlerine çagyryp, dürli gymmatbaha sowgatlary ýa-da olara $50-$100 pul berýärler. Bu ýagdaýa çagalar hem şaýat bolýarlar we olar ýaşlykdan para öwrenişýärler" diýip, ýerli mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýat Bilim müdirliginden we agzalan mekdeplerden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda käbir mugallymlaryň okuwçylara pes baha goýmak barada haýbat atyp, olardan dürli işleri berjaý etmegi, şol sanda abatlaýyş işleri üçin pul goşmagy talap edýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek maglumat berdi.

Galyberse-de, orta mekdeplerde her ýyl maý aýynyň 25-nde geçirilýän "Soňky jaň" dabaralary we gutardyş synaglary üçin müňlerçe manat çykdajy edilýändigi we bularyň ene-atalary surnukdyrýandygy barada-da yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar. Azatlyk soňky ýyllarda çykdajylar sebäpli okuwçylaryň öz janyna kast edýändigi barada hem ençeme gezek maglumat taýýarlady.

Türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlary boýun alyp, aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Bu barada berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.

Bu aralykda, goňşy Özbegistanda "Soňky jaň" dabaralaryny we gutardyş synaglaryny geçirmek üçin ene-atalardan pul ýygnamak resmi taýdan gadagan edildi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň Özbegistanyň Bilim ministrliginiň Telegram kanalynda çap edilen maglumatyna salgylanyp, 17-nji maýda çap eden maglumatyna görä, ýurtda täze okuw ýyly üçin mekdepleri taýýarlamak we abatlamak üçin okuwçylardan we uçurymlardan pul ýygnamaga rugsat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Муниципальный этап конкурса «Безопасное колесо» прошел в Мытищах

Камский кабель сертифицировал кабели для исследования нефтяных и газовых скважин

Всероссийский песенный конкурс «Песни нашего полка»

«Россия и не подумает вмешиваться»: в Турции назревает военный переворот

Музыкальные новости

Путин: РФ и КНР наладят более тесное взаимодействие в инновационных отраслях

На заводах АО "Желдорреммаш" внедряется автоматизированная система по рекламационно-претензионной работе “Астрея”

Таунхаусы в Подмосковье за год подорожали в среднем на 6% — до $258,9 тыс

Мультфильм «Пушистый вояж» выйдет в прокат при поддержке Детского радио

Новости России

Всероссийский песенный конкурс «Песни нашего полка»

В Тропарево-Никулине и Обручевском районе провели модернизацию комплекса коммуникационных коллекторов

Сотрудники Росгвардии задержали в Новой Москве 18-летнюю распространительницу наркотиков

Собянин назвал ключевые проекты благоустройства в СВАО на этот год

Экология в России и мире

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Пермский край, Суксунский район

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Moscow.media

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *