Baýden Ýaponiýada G7 sammitine gatnaşýar
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 18-nji maýda Hiroşimada geçiriljek G7 sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa geldi.
Ol bu ýere Waşingtonda respublikan garşydaşlary bilen ABŞ-nyň bergi defoltynyň öňüni almak meselesindäki dartgynly gepleşikleri tamamlaman geldi.
Howa güýçleriniň birinji belgili uçary G7 liderleriniň 21-nji maýa çenli maslahat etjek ýeri bolan Hiroşimanyň günortasynda ýerleşýän Iwakunide, Birleşen Ştatlaryň deňiz güýçleriniň bazasynda gondy.
Baýden soňra Papua Täze Gwineýada we Awstraliýada planlaşdyrylan duşuşyklara barman, bergi çägi krizisini çözmek tagallalarynyň çäginde, Waşingtona dolanyp geler.