“The Business Insider” Gelenjikdäki “Putin bunkeriniň” çyzgylaryny çap etdi
“The Business Insider” neşiri Gelenjigiň golaýyndaky Putin köşgi diýilýäniň diagrammalaryny we çyzgylaryny çap etdi. Žurnalistleriň pikiriçe, resminamalar azyndan 2016-njy ýyldan bäri internetde hemmeler üçin elýeterlilikde boldy. Olar, edilen işleriň mysaly hökmünde, "Metrostil" dizaýn kompaniýasynyň web sahypasynda ýerleşdirildi. Bu desga ol ýerde pansionat diýlip atlandyrylýar.
Çyzgylardan görnüşine görä, taslamada mülküň ýerüsti böleginden başga, ýerasty böleginiň hem gurluşygy nazarda tutulypdyr.
Ýer astynda pugtalandyrylan otaglar we ötükler ýerleşýär. Binanyň lifti takmynan 50 metr çuňluga düşýär. Onuň ýerasty böleginde howa çalşygy, elektrik, suw üpjünçiligi, lagym we aragatnaşyk kabelleri bar.
Giňligi alty we uzynlygy 40 we 60 metr bolan iki sany aýry ötük bolup, olar 40 santimetr galyňlykdaky beton bilen gurşalan. Hünärmenleriň pikiriçe, olar göni bomba zarbasyna hem tap getirip biler.
Ýokarky ötük çäge gerşiniň eňňidine, aşaky we has uzyn ötük bolsa, göni Gara deňiz kenaryna gidýär. Ol trawolator bilen enjamlaşdyrylan.