“Türkmenistan” awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda ýük daşamaga başlady
Türkmenistan” awiakompaniýasy Wýetnam bilen Angliýanyň arasynda haryt daşamagy amala aşyran ilkinji awiakompaniýa boldy diýip, “Türkmenportal” “Nhan Dan” agentligine we “TT Meridian” halkara söwda we logistika kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.
Habarda aýdylmagyna görä, täze ugur “Turkmenistan Airlines” awiakompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar we awiakompaniýa häzirlikçe Angliýa bilen Wýetnamyň arasyndaky ýeke-täk ýük gatnadyjysy bolup durýar.
Bu gatnawyň ikitaraplaýyn söwdanyň ösmegine itergi bermegine garaşylýar.
Hökümetçi neşir ozal Fransiýanyň «Airbus S.A.S» kompaniýasynyň «Airbus 330-200» kysymly «P2F» görnüşli täze ýük uçarlarynyň iki sanysynyň Türkmenistana getirilendigini habar beripdi.
Bu uçarlarda agramy 61 tonna barabar ýüki 7,700 km uzaklyga eltmek mümkinçiligi bar diýip, habarda bellenýär.