Hytaý, Özbegistan we Gyrgyzystan Russiýadan aýlanyp geçýän demir ýoly gurmak barada ylalaşdylar
Siýanda geçirilen Merkezi Aziýa-Hytaý sammitinde Hytaý, Özbegistan we Gyrgyzystan arasynda Russiýadan aýlanyp geçýän demirýol gurmak üçin indiki ädimler barada üç taraplaýyn resminama gol çekildi. Şeýlelik bilen, bu proýekt ýurtlar üçin halkara sanksiýalaryna sezewar bolan Russiýadan aýlanyp, Ýewropa has gysga ýol açyp biler.
Täze ýol gurmak baradaky şertnama ilki bilen, 2022-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Samarkantda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäginde gol çekilipdi. Täze resminama proýektiň jikme-jiklerini, gözleg we maýa goýum modelini kesgitlemek ýaly taslamany durmuşa geçirmegiň indiki ädimlerini kesgitlär.
“Eurasianet.org” neşriniň maglumatyna görä, demir ýol Gyrgyzystanyň Torugart geçelgesinde başlanar, bu ýerde eýýäm Hytaýdan demirýol liniýasy bar, ol demirgazykda Arpa we Makmal şäherçelerinden Jelal-Abada çenli uzap, Özbegistanyň demir ýol ulgamy bilen birleşer.
Merkezi Aziýa-Hytaý sammiti 18-nji we 19-njy maýda Sian şäherinde geçirildi. Oňa Hytaýyň ýolbaşçylaryndan başga-da Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri gatnaşdy. Bu, Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş lideriniň arasynda soňky 31 ýylda geçirilen ilkinji doly göwrümli duşuşyk. 19-njy maýda Hytaý Kommunistik partiýasynyň lideri Si Szinpin we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri Sianda özara goldaw jarnamasyny kabul etdiler.