Özbegistanyň howaýollary gazak aktiwistini uçara goýbermedi
Agheleuow Azatlyk Radiosyna Özbegistanda sud edilmeli garagalpagystanly aktiwistleriň şikaýat diňlenişigine gatnaşmak isländigini aýtdy. Geçen ýylyň iýulynda Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonom respublikasynda ýüze çykan ozal görlüp-eşidilmedik protestler bilen bagly tussag edilen ençeme aktiwiste dürli möhletli türme tussaglygy abanýar.
Geçen ýyl Daşkendiň sebitiň awtonom ýagdaýyny aýyrmak planlary bilen bagly tutuşan protestler gazaplylyk bilen dargadylanda azyndan 21 adam öldi.