Russiýa şwed konsullygyny ýapyp, bäş diplomaty ýurtdan kowýar
Moskwa 25-nji maýda Şwesiýanyň bäş diplomatyny ýurtdan çykarýandygyny, Russiýanyň Göteborgdaky baş konsullygyny we Şwesiýanyň Sankt-Peterburgdaky diplomatik wekilhanasyny ýapýandygyny aýtdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi Şwesiýanyň ilçisi Malena Mardyň söhbetdeşlige çagyrylandygyny we Moskwanyň oňa öz ýurdunyň "gapma-garşylyk kursy" sebäpli görýän ar alyş çäreleri barada habar berendigini aýtdy.
"Şwed diplomatlarynyň bäşisini persona non grata diýip yglan etmek kararyna gelindi" diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrligi aýtdy.
Bu çäre Şwesiýanyň aprel aýynyň aýagynda Russiýanyň bäş diplomatyny ‘diplomatik statusyna laýyk gelmeýän işleri üçin’ diýip ýurtdan çykarmagy bilen baglylykda görüldi.