Gazagystan hiç bir bileleşik döwletine goşulmak islemeýändigini aýdýar
Gazagystanyň prezidentiniň metbugat sekretary Ruslan Želdybaý 26-njy maýda žurnalistlere energiýa baý Merkezi Aziýa döwletiniň haýsydyr bir soýuz döwletlerine goşulmak planynyň ýokdugyny aýtdy.
Şeýle-de ol Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň (agzalary Gazagystan, Ermenistan, Belarus, Gyrgyzystan) çägindäki integrasiýa, gatylyp-garylmak prosesiniň diňe ykdysadyýet pudagynda bolmalydygyny belledi.
Želdybaýyň beýanaty Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň Moskwada geçirilen ýygnagynda ÝYB integrasiýasynyň "iki ýurt - bir döwlet" formulasynda döredilen gapma-garşylykly Russiýa-Belarus bileleşigi döwletinden tapawutlanýandygyny aýdanyndan iki gün soň edildi.