Gurbanguly Berdimuhamedow Eýrana sapar eder
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn günlerde Eýrana sapar eder diýip, türkmen mediasy habar berýär.
“Watan” habarlarynyň maglumatyna görä, Eýranyň prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iberen gutlag hatynda onuň saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.
Tähranda geçiriljek duşuşykda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Goňşy ýurduň prezidentine iberen hatynda aýmagyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow öňde duran saparyň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky dostlugy we köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda möhüm tapgyr boljakdygyna berk ynanýar.
Eýranda ýüz müňlerçe etniki türkmen ýaşaýar we olaryň Türkmenistana syýahat etmegi, aýdylmagyna görä, uly mesele bolmagynda galýar.
Sapar wagtynda etniki türkmenleriň Türkmenistana sapar etmek mümkinçiliklerini ýeňilleşdirmek meselesiniň ara alnyp maslahalaşyjakdygy ýa däldigi aýdylmaýar.