Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen hünärmenleri Hazar deňziniň suwunyň çekilmegine alada bildirýärler

Türkmenistanly bir daşky gurşaw hünärmeni Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň soňky ýyllarda 35-40 sm töweregi peselendigini, bu ýagdaýyň hünärmenleriň arasynda alada döredýändigini aýdýar.

Hazaryň ýakasynda ýerleşýän Awaza etrabynyň syýahatçylyk desgalarynyň birnäçe işgäri deňziň suwunyň geçen ýyllar bilen deňeşdirilende 25 metrden 50 metre çenli çekilendigini aýdýarlar.

Deňiz suwunyň çekilmegi bilen, plýažlaryň tutýan meýdany giňeýär. Ýerli ýaşaýjylar öz gözleriniň öňünde giňäp barýan plýažlary görüp geň galýarlar.

“Şu günler býujet işgärleri deňiz suwunyň çekilen ýerlerinde hapa-hupalary, şol sanda plasmas gaplary arassalamak işlerine çekilýärler” diýip, balkanly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçymyz deňiz suwunyň töweregindäki aladalaryň yzyny çalyp, ekologiýa hünärmenleri, syýahatçylyk pudagynyň işgärleri we ýerli ýaşaýjylar bilen gürrüňdeş boldy.

“Hazar deňziniň suwy takmynan 35-40 sm töweregi azaldy, deňziň kenarlary tas gözümiziň öňünde giňäp barýar... Bu ýagdaý suwasty ösümliklere, janly-jandarlara hem ýaramaz täsir edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan bir ekologiýa hünärmeni aýtdy.

Hazaryň alkymynda ýerleşýän 350 orunlyk Gämi myhmanhanasynyň bir işgäri deňiz suwunyň oteliň kenaryndan 50 metre çenli çekilendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ekologiýa hünärmeni suwuň bugarmagy, nebit guýularynyň köpelmegi ýaly ýagdaýlaryň deňiz suwunyň çekilmegine getirendigini aýdýar, ýöne apat derejesine baryp ýeten suw çekilmesiniň iň esasy sebäbi hökmünde Hazar deňzine guýýan Wolga derýasynyň suwunyň azalmagyna yşarat edýär.

“Wolga derýasynyň Hazar deňzine guýýan böleginde suw azaldy. Bu ýagdaýa Russiýa Federasiýasynyň Wolga derýasynyň boýunda gidroelektrik stansiýalary gurmagy, derýanyň ýakasynda ýerleşýän sebitlerde, hususan-da Wolgograd we Astrahan oblastlarynda oba hojalyk işjeňligini ýokarlandyrmagy, köp suw talap edýän şaly ekinini has köp ösdürip ýetişdirmegi sebäp bolýar diýen çaklamalar bar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan hünärmen aýtdy.

Balkan sebitiniň ýaşaýjylary beýleki hazarýaka ýurtlaryň, Eýranyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň telewideniýelerinde Hazar deňzine abanýan global apatlar barada, Wolga derýasynyň kenarynda gurlan gidroelektrik stansiýalar barada yzygiderli gepleşikleriň efire berilýändigini, ýöne şeýle meseleleriň türkmen mediasynda gozgalmaýandygyny aýdýarlar.

“Biziň hökümetimiz deňiz suwunyň çekilen ýerlerini tehnikalar bilen gazyp, ekologiýa krizisini gizlemäge çalyşýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Kenarýaka ýaşaýjylaryň arasynda Hazar deňziniň hem, wagtyň geçmegi bilen gurap, Aral deňzi ýaly bolmagyna, onuň ekologiýa betbagtçylygyna getirmek ähtimallygyna alada bildirýän raýatlar hem bar.

Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagynda, deňziň içinde, mundan 7-8 ýyl ozal şol wagtly prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen emeli ada guruldy.

“Häzir şol ada deňziň kenaryndaky depelikden ybarat gum bölegine öwrüldi. Bu adany gurmak üçin millionlarça dollar sarp edildi. Şol pullar howa uçan ýaly boldy. Ýene 10 ýyldan Türkmenbaşy porty hem awtomenzile öwrülmese bolýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Aslyýetinde, soňky ýyllarda halkara ekologiýa hünärmenleri global klimat krizisiniň arasynda polýuslardaky buzluklaryň eräp, soňky ýüz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda deňizlerdäki we ummanlardaky suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagyna alada bildirýärler. Ýöne şol bir wagtda, hünärmenler global maýlama howpunyň arasynda, deňizlerdäki suwuň bugarmak prosesiniň hem öňkülerden çaltlanýandygyny aýdýarlar.

Türkmen hökümeti Hazar deňzini “mümkinçilik deňzi” ýa-da “dostluk deňzi” atlandyryp, onuň töweregindäki ekologiýa bilen bagly aladalary agzamaýar.

Mundan ozal, dekabr aýynda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýüzlerçe düwlen maslygynyň tapylandygyny habar berdiler. Bu habar Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde agzalmady.

Hazarýaka döwletlerden Russiýa we Eýran Hazar deňziniň ekologiýa aladalaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny oňlaman gelýär.

Türkmenistanda 2019-njy ýylda Hazar deňzi instituty döredildi.

“Institut Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we milli resminamalary taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanda Hazar meseleleri boýunça halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine syn etmek we Hazar deňzine degişli bolan ugurdaş usulyýet maglumatlaryny taýýarlamak maksady bilen döredildi” diýip, döwlet metbugaty ýazýar.

Bu gurama Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň binýadynda döredildi.

Ýöne türkmen mediasynda institutyň şu wagta çenli alyp baran ylmy barlaglary ýa-da teklipleri barada maglumat berilmeýär.

Hazarýaka ýurtlardan Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministrligi martyň ahyrlarynda Hazar deňziniň düwlen ilatyny halas etmek boýunça meýilnamalaryny yglan etdi. Ministrligiň maglumatyna görä, geçen ýylyň güýz aýynda 400 müň töwereginde hasaba alan düwlenleriň sany aradan geçen baş-alty aýyň içinde 311 müňe düşüpdir.

Şol bir wagtda, gazak metbugaty Gazagystanda Hazar deňzini öwrenmek boýunça ýörite institutyň işläp başlajakdygyny habar berýär.

Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly aladalar Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdelerinde agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Мировые СМИ по-своему отреагировали на первую зарубежную поездку Владимира Путина

Пятая часть россиян путешествовала по России на майских праздниках

Умер заслуженный художник России Сергей Андрияка

Первая реакция мировых СМИ на визит Путина в Пекин: От признания величия до "плевка" в сторону Западного мира

Музыкальные новости

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

Новости России

В Москве за полмесяца выпал 31% от нормы осадков для мая

Первую операцию на сонной артерии провели в Егорьевске

"Цена улетит в небо": россиян призывают заранее купить это

Нейрохирурги в Подольске спасли молодого человека от эпилептических приступов

Экология в России и мире

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Звуковая зубная щетка Revyline RL060 White и зубная паста Revyline Smart заказать в Назрани

10 полезных продуктов для сердца

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Moscow.media

Под зеленым куполом

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *