Žaparow Bakiýew gelse, tussag ediler diýýär
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow hökümetiň öňki prezident Kurmanbek Bakiýewi ýurda çagyrmak planynyň ýokdugyny, eger-de gaýdyp gelmäge synanyşsa, onuň özüne garşy açylan aňrybaş jenaýat işi esasynda tussag ediljekdigini aýtdy.
30-njy maýda “Kabar” döwlet habar gullugy bilen söhbetdeş bolan Žaparow Bakiýewe çykarylan kazyýet höküminiň şindi hem güýjünde galýandygyny we häzirki wagtda ony ýatyrmak üçin kanuny esasyň ýokdugyny aýtdy.
“Kazyýetiň karary bar. Ol 30 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu karar şindi hem öz güýjünde galýar. Eger-de gelse, elbetde, ol tussag ediler. Biziň hemmämiz kanun boýunça ýaşamagy öwrenmeli" diýip, Žaparow aýtdy.
73 ýaşly Bakiýew 2010-njy ýylda, hökümete garşy guralan protestlerden soň, maşgalasy bilen ýurtdan gaçdy.
Bişkek kazyýeti ony gozgalaň wagtynda öldürilen 100-e golaý demonstrantyň ölümine dahylly bolmakda günäkärläp, ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.
Gyrgyzystanda köp adam ozalky liderleriň korrupsiýa ulşandygyny we käbir halatlarda ellerini gana hem boýandygyny aýdýar.
Žaparow biraz öň öňki liderler bilen aradaky düşünişmezlikleri aradan aýyrmak we ylalaşyk gazanmak göçümini hem etdi. Onuň fewral aýynda ýurduň öňki prezidentleriniň bäşisi bilen geçiren görlüp-eşidilmedik sammiti bir topar gep-gürrüňe, şol sanda prezidentiň olaryň ýurda dolanmagyna rugsat bermek isleýändigi baradaky çaklamalara hem sebäp boldy.
“Men kazyýetiň kararlaryny ýatyrmak isleýärin. Ýöne meniň muňa hukugym ýok. Diňe Kurmanbek Bakiýew özüne rehim edilmegini sorasa, şonda onuň günäsini geçmek ýa-da geçmezlik hukugym bar" diýip, prezident aýtdy.