Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gallaçy kärendeçiler pes hasylly bugdaý meýdanlarynda orak möwsümine girişýär

Gallaçy kärendeçiler pes hasylly bugdaý meýdanlarynda orak möwsümine girişýär

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda gallaçy kärendeçiler bugdaý oragyna girişýärler. Ýerli daýhanlar üstümizdäki hasyl möwsüminde bugdaýyň hasyllylygynyň pes bolandygyny aýdýarlar.

“Etrabyň çäginde üç günüň dowamynda 700 gektar töweregi bugdaý meýdanyndan hasyl ýygnaldy. Orak geçirilen ýerlerde gallaçy kärendeçileriň tas ählisi diýen ýaly döwlete bergili çykdy” diýip, balkanly bir oba hojalyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli kärendeçiler geçen ýylyň dowamynda suw ýetmezçiliginiň ýitileşmegi, ygalyň az bolmagy, öz wagtynda mineral dökünleriň ýeterlik üpjün edilmezligi, tehnika kynçylyklary we zyýankeşlere garşy zerur dermanlaryň wagtynda üpjün edilmezligi ýaly problemalar sebäpli, bugdaýyň hasyllylygynyň pes bolandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň günbatar welaýatdaky habarçysy geçen hepde iberen maglumatynda Gyzylarbat etrabynyň bugdaý meýdanlarynyň ençemesinde haşal otlaryň göze ilýändigini habar berdi.

Orak geçirilýän meýdanlardan iberilen fotosuratlarda gamyş basan galla meýdanlaryny görmek bolýar.

Türkmenistanda bugdaý oragyna resmi taýdan iýunyň başlarynda girişmek kararlaşdyryldy.

Ahal, Mary we Lebap welaýatynyň gallaçylary 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary 9-njy iýunda resmi taýdan orak möwsümine girişerler.

Ýerli synçylar ýurduň dürli sebitlerinde gallanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny, bu ýagdaýyň bolsa, öňümizdäki galla möwsümine çenli, unuň gytçylygyna getirmeginden gorkulýandygyny aýdýarlar.

“Türkmenistan indi soňky birnäçe ýyl bäri öz-özüni bugdaý bilen üpjün edip bilmeýär. Ýurduň çäginde öndürilen galla üç aýa-da ýetmän gutarýar. Russiýadan we Gazagystandan bugdaý getirilmese [kyn bolar]” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu aralykda, Gazagystan barada işewürlik we ykdysadyýet maglumatlaryny çap edýän “LS” neşirine görä, Gazagystan Türkmenistana eksport edýän bugdaý we galla önümleriniň göwrümini azaldýar.

Neşiriň sanlaryna görä, Gazagystan Türkmenistana eksport edýän bugdaýynyň göwrümini 2023-nji ýylyň ilkinji dört aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 38.4 göterim kemeltdi.

Gazagystan geçen ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistana 180,5 müň tonna bugdaý eksport eden bolsa, üstümizdäki ýylyň degişli döwründe türkmen bazaryna iberilen gazak bugdaýynyň möçberi 111,1 müň tonna düşdi.

Gazagystanda öndürilen unuň eksporty bugdaý bilen deňeşdirilende has-da peseldi. Ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistana eksport edilen gazak ununyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 63 göterim pese gaçdy.

Türkmen häkimiýetleri import-eksport maglumatlaryny köpçülige äşgär etmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan gyzylarbatly agronomlaryň hasaplamalaryna görä, sebitde resmi taýdan bugdaý oragyna girişilmezden öň, 9-njy iýuna çenli etrapda galla oragynyň 30 göteriminiň tamamlanmagyna garaşylýar.

Bu aralykda, şu günler sebit häkimiýetleri Gyzylarbat etrabynda resmi taýdan galla oragyna girişmek dabarasyny geçirmek üçin, bol hasylly galla meýdanlaryny tapmakda kynçylyk çekýärler.

“Welaýat we etrap häkimiýetleri galla oragyna ‘ak pata’ bermek dabarasyny geçirmek üçin bol hasylly bugdaý meýdanlaryny tapmakda kösenýärler. Döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin azyndan 10 gektarlyk tekiz, bol hasylly bugdaý meýdanyny tapmaly. Kärende ýerleri gamyş basyp ýatyr, bugdaý boý almandyr, hasyl pes. Balkan welaýatynyň häkimlik resmileri “Tutly” we “Ýaşlyk” daýhan birleşiklerinde çäre geçirmek üçin saýlanyp alnan ýerleri halamandyrlar. Ol ýerler ret edildi” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda gowaçanyň we bugdaýyň hasyl möwsümi döwlet telewideniýesinde dabara bilen yglan edilýär. Hasyl möwsümine girişmek dabarasy resmileriň we ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylýar we daýhanlar, oba hojalyk ekinleriniň ýetişendigine ýa-da ýetişmändigine garamazdan, özlerine resmiler tarapyndan “ak pata” berlenden soň, resmi taýdan hasyl ýygnamaga girişýärler.

Bu arlaykda, "Türkmenistanyň hronikasy" neşiri Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda heniz hasyl ýetişmedik bugdaý meýdanlarynda oraga girişilýändigini habar berýär.

Neşiriň çap eden wideosynda heniz ýaşaryp oturan bugdaý meýdanlaryny görmek bolýar.

“Esasy wezipe – döwlet telewideniýesinde bolçulygy wagyz etmek maksady bilen wideo kadrlary taýýarlamak” diýip, balkanly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Döwlet telewideniýesi hatar gurap, galla hasylyny ýygnaýan kombaýnlary, bol hasylly bugdaý meýdanlaryny görkezýär.

“[Esasy wezipe] – gamyş basan bugdaý meýdanlaryny görkezmän, hakykaty aýtman, bugdaý plan borçnamasyny kagyzda dolmak” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy, sebitiň käbir künjeklerinde un gytçylygynyň dowam edýändigini, heniz ýanwar aýynyň un paýlaryny alyp bilmedik hojalyklaryň bardygyny habar berýär.

“Dogry oba hojalyk syýasaty amal edilse, suw çykaryjy desgalardan we oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylsa, şeýle-de, daýhanyň girdejisini güzeran aýlamaga ýeter ýaly etseler, doly çörek garaşsyzlygyny gazanardyk” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeýändigini, ekerançylyk pudagynda ýyllarboýy dowam edýän suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi bilen bagly problemalar barada yzygiderli habar berýärler. Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçylary martyň ortalarynda ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly problemalaryň bugdaýyň ideg işlerini bökdeýändigini habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

РБК: иск Генпрокуратуры об изъятии акций КСПЗ у частных владельцев удовлетворили

Насморк у мужчины оказался жидкостью, вытекающей из мозга

Скандалы с арестами в Минобороны. Информация "под грифом": Что хранят секретные папки

Вратарь ЦСКА Тороп во время матча с «Зенитом» получил перелом черепа

Музыкальные новости

Юрист Лебедева: законы о работе онлайн-магазинов в России необходимы уже давно

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

Полезные приложения для поклонников спортивной ходьбы

Инсайты, стратегии и нетворкинг для профессионалов: 21 июня пройдет ежегодный форум «Спорт и Бизнес»

Новости России

РБК: иск Генпрокуратуры об изъятии акций КСПЗ у частных владельцев удовлетворили

Более 12 000 бесплатных посылок отправили новосибирцы в зону проведения СВО

Скандалы с арестами в Минобороны. Информация "под грифом": Что хранят секретные папки

Новосибирскую школьницу, изрезавшую одноклассницу, отправили на экспертизу в Москву

Экология в России и мире

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Пермский край, Суксунский район

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Спорт в России и мире

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Moscow.media

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»

Konica Minolta Business Solutions Russia и Facemetric предложат заказчикам решения на базе технологий компьютерного зрения







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *