Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabatda gijelerine hem işlän meşhur dükan ýapyldy

Türkmenabatda gijelerine hem işlän meşhur dükan ýapyldy

Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherinde gijelerine hem näresmi ýagdaýda hereket eden meşhur söwda dükanlarynyň biri ýapyldy. Sebitiň häkimiýetleriniň ähli söwda nokatlaryny gije sagat 21:00-dan soň ýapmak baradaky dowam edýän talaby, kiçi telekeçileriň mümkin girdejilerinden mahrum bolmagyna getirýär. Hususy dükan eýeleri häkimiýetleriň çäklendirmeleri bilen birlikde, dürli barlag gulluklarynyň para talaplary hem söwdadan el çekmegine sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

25-nji maýda Türkmenabadyň merkezindäki “Minimarket” atlandyrylýan dükan polisiýa tarapyndan möhürlendi. Bu dükanyň, şäheriň beýleki söwda nokatlaryndan tapawutlylykda, gije-gündiziň dowamynda hem işlemegi, ilat arasynda meşhurlygyny artdyrdy.

Nyýazow ýolunuň ugrundaky bu hususy dükanda öý-hojalyk serişdeleri, çilim, şerbetler, alkogol önümleri, azyklar ýaly günübirin harytlar satylýardy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, dükanyň kadadan çykma hökmünde gijelerine hem işlemegi, onuň eýeleriniň polisiýa işgärleri bilen paranyň öwezine “umumy dil” tapyşmagy sebäp bolupdyr.

“Bu dükan gijelerine hem açyk bolsa, oňa hiç kim batyrnyp bilmeýärdi. Emma geçen hepde, ‘Soňky jaň’ dabaralarynyň öňýany güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, bu dükanyň işi hem doly togtadyldy” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 31-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz dükanyň işiniň gaýtadan ýola goýuljakdygyny ýa ýokdugyny, şeýle-de onuň birden kanun goraýjy gulluklaryň nyşanasyna düşmeginiň mümkin sebäbini anyklap bilmedi. Bu barada sebitiň prokuraturasyndan, häkimliginden maglumat almak başartmady. “Minimarket” dükanynyň ozalky söwdagärleri bilen-de, howpsuzlyk meseleleri sebäpli, habarlaşmak mümkin bolmady.

Sebitdäki habarçymyz tomusky dynç alyş möwsüminiň golaýlamagy bilen, köp hojalyklaryň jaýynyň arka tarabynda ýa-da melleginde kiçi söwda nokatlaryny esaslandyrýandygyny, olarda şol sanda gazly suwlaryň hem ilata hödürlenýändigini gürrüň berdi.

Ýöne häkimiýetleriň 21:00-dan soň söwda nokatlaryny ýapmak talaby, telekeçileri mümkin müşderilerden, netijede-de girdejiden mahrum edýär. Ýerli hususy dükan eýeleri, eger-de kesgitlenen sagatdan soň söwdany dowam etdirseler, onda 800 manat möçberinde jerime ýazylýandygyny gürrüň berdiler.

Söwda dükanlarynyň iş tertibine girizilýän gadagançylygyň mümkin sebäplerine düşündiriş berilmeýär. Emma habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylar, munuň dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň birinde ilaty berk gözegçilikde saklamak tagallalaryndan ugur alýandygyny çaklaýarlar.

Azatlyk mundan öň, gijelerine gezelenç edýän adamlaryň, hatda ýaş jübütleriň hem dil üsti bilen bardygy aýdylýan komendant sagadyny bozmakda aýyplanyp, polisiýa soraga äkidilen halatlary barada maglumat beripdi.

Telekeçiler häkimiýetleriň iş sagadyny çäklendirmegi bilen birlikde, yzygiderli gelýän barlag gulluklarynyň hem, dürli sebäpleri arap, para tamakin bolýandygyny aýdýarlar.

Hususy dükan eýelerine görä, her alty aýdan barlag bilen gelýän ýangyn, elektrik edaralaryna, galyberse-de Keselleriň öňüni alyş we Arassaçylyk gulluklarynyň her haýsysyna 200 manat möçberine para bermeli bolýar. Soralýan mukdardaky para berilmese, degişli barlag gulluklary uly jerime ýazjakdygy bilen haýbat atýarlar. Bu aýdylanlar boýunça gürrüňi gidýän barlag gulluklarynyň hiç biri komentariýa bermedi.

Türkmenistanda endemiki häsiýete öwrülen korrupsiýa hadysalary, şol sanda parahorlyk, nepotizm, garyndaşparazlyk we korrupsiýanyň başga-da köp görnüşi jemgyýetiň ähli gatlaklarynda, durmuşyň ähli ugurlarynda özüni görkezýär.

Korrupsiýa boýunça halkara hasabatlarda Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky orunlary eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Ретропоезд отвезет туристов из Нижнего Новгорода на «Арзамасский трактирщикъ»

Путин объяснил, почему первый визит после переизбрания совершил именно в КНР

Диана Гурцкая приехала в Красноярск и встретилась с краевыми властями

Песков: Россия самым решительным образом осуждает покушение на Фицо

Музыкальные новости

Национальный конгресс по регенеративной медицине впервые пройдет в Санкт-Петербурге: ученые и врачи обсудят достижения и перспективы развития регенеративной биомедицины

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

Каратисты завоевали бронзу на Всероссийских соревнованиях по каратэ «Кубок Танкограда»

Новости России

Переговоры Путина и Си Цзиньпина завершены

В Мытищах наградили лучших игроков, тренеров и специалистов хоккейной школы

«Мой муж еще ого-го». Молодая жена Петросяна огорошила: в семье родилась дочь с необычным именем

Томский стенд на выставке "Россия" отмечен премией "За гостеприимство"

Экология в России и мире

10 полезных продуктов для сердца

C 13 по 19 мая 2024 года проходит Неделя профилактики повышения артериального давления

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Moscow.media

Под зеленым куполом

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае

Axenix выводит на рынок систему поддержки принятия решений SmartAx

Konica Minolta Business Solutions Russia и Facemetric предложат заказчикам решения на базе технологий компьютерного зрения







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *